Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň döwlet nebit ministrini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň döwlet nebit ministrini kabul etdi
Çap edildi 20.09.2022
2129

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň döwlet nebit ministri Musadik Masud Maligi kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, öz ýurdunyň ýokary ýolbaşçylarynyň — Prezident Arif Alwiniň hem-de Premýer-ministr Muhammad Şahbaz Şarifiň salamyny hem-de türkmen halkyna iberen iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Pakistanyň Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygy tassyklanyldy, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli syýasaty umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän özara bähbitli sebit we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň täsirli guralydyr.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Pakistan Yslam Respublikasynyň ýokary ýolbaşçylaryna salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de döwletara gatnaşyklara özara düşünişmegiň, ynanyşmagyň ýokary derejesiniň mahsusdygyny kanagatlanma bilen belledi. Munuň özi oňyn ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine hem-de hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, täze, anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna ýardam edýär.

Döwlet Baştutanymyz we ministr söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, söwda-ykdysady ulgam bu gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunda strategik häsiýete eýe bolan ýangyç-energetika toplumy hyzmatdaşlygyň möhüm bölegidir. Bu babatda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça taslamanyň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlaryny çekmek boýunça taslamalar uly ähmiýete eýedir. Energetika we kommunikasiýalar ulgamynda bu iri taslamalaryň amala aşyrylmagy tutuş sebitiň durnukly durmuş-ykdysady ösüşine, onuň dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna üstünlikli goşulyşmagyna, sebitde parahatçylygyň hem-de durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berer.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň ýollarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna gönükdirilen energetika strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär. Biziň ýurdumyz durnukly ösüşiň we halkara hyzmatdaşlygyň aýrylmaz şerti bolan energiýa serişdeleriniň ygtybarly, durnukly üstaşyr geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen, dünýä bileleşiginiň tagallalarynyň işjeňleşdirilmegi ugrunda çykyş edýär, iri düzümleýin taslamalary öňe sürýär hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde üstünlikli amala aşyrýar.

Şunuň bilen baglylykda, Pakistanyň Bitarap Türkmenistanyň döredijilikli daşary syýasat ugruny hem-de onuň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda öňe sürýän halkara başlangyçlaryny doly goldaýandygy nygtaldy. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan bu ugurda birnäçe Kararnamalaryň kabul edilmegi Türkmenistanyň başlangyçlarynyň möhüm häsiýete eýediginiň aýdyň subutnamasydyr.

Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz we myhman soňky ýyllarda täze depgine, anyk many-mazmuna eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.


Soňky habarlar
11.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 11 million 375 müň dollaryna deň boldy
10.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
10.05
Daşkentde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
10.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
09.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary tamamlandy
09.05
Ýeňiş gününe bagyşlanan dabaralar
09.05
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
09.05
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
09.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary
top-arrow