Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
Çap edildi 25.09.2022
1225

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident!

Gadyrly doganym!

Sizi Türkiýe Respublikasynyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Dostlukly hem doganlyk Türkmenistanyň sebitde we dünýäde gülläp ösýän, abraýly döwlet hökmünde ýurduň berkararlygyna tarap ynamly gadamlaryny uly buýsanç bilen kabul edýäris. Biziň ýurtlarymyzy taryhy hem-de asyrlaryň jümmüşine uzalyp gidýän medeni gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Türkmenistan bilen her bir pudakda özara bähbitli gatnaşyklarymyzy ösdürmek boýunça bilelikdäki işe taýýardygymyzy ýene bir gezek nygtamak isleýärin. Munuň özi ikitaraplaýyn we sebit derejesinde howpsuzlygyň, durnuklylygyň, abadançylygyň üpjün edilmegine goşant bolar.

Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk we üstünlik, doganlyk türkmen halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk, abadançylyk arzuw edýärin.

Rejep Taýyp Ärdogan,

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Sizi doglan günüňiz bilen mähirli gutlaýaryn. Ermenistan bilen Türkmenistanyň halklarynyň arasyndaky ýakyn dostlukly gatnaşyklar dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de ikitaraplaýyn gün tertibiniň täze başlangyçlar bilen üstüniň ýetirilmegi üçin pugta esas bolup durýar. Bilelikdäki tagallalaryň netijesinde ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de çuňlaşdyryljakdygyna we pugtalandyryljakdygyna ynam bildirýärin.

Siziň baştutanlygyňyzda dostlukly Türkmenistanyň ösüşiň, rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe gitjekdigine ynanýaryn.

Hormatly jenap Prezident, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk we rowaçlyk arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Waagn Haçaturýan,

Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Sizi doglan günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň baştutanlygyňyzda Türkmenistanyň mundan beýläk-de rowaçlygyň we abadançylygyň ýoly bilen öňe gitjekdigine, Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanyp, dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine ýardam berjekdigine pugta ynanýaryn.

Ermenistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostluga, hormat goýmaga, ynanyşmaga esaslanýan özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gyzyklanma bildirýändigimizi nygtamak isleýärin hem-de Siziň üçin islendik amatly wagtda Ermenistana gelip görmek baradaky çakylygy ýene-de bir gezek tassyklaýaryn.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, ähli başlangyçlaryňyzda üstünlikleri arzuw edýärin.

Nikol Paşinýan,

Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri.

***

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Doglan günüňiz mynasybetli iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Size berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk, gülläp ösüş arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan,

Birleşen Arap Emirlikleriniň Premýer-ministriniň orunbasary,

Prezidentiň işleri boýunça Diwanynyň ministri.

Soňky habarlar
10.06
2026-njy ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
10.06
Ş.Geldynazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
10.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
10.06
Mary welaýatynyň etraplarynda gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy
10.06
Türkmenistanda Finlýandiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
10.06
Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler
09.06
Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Filippinler Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow