Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Maldiwler Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Maldiwler Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Çap edildi 25.09.2022
1319

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Maldiwler Respublikasynyň Prezidenti Ibragim Mohamed Solihe we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Maldiwler Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlagyny, iň oňat arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga hem-de özara ynanyşmaga daýanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady, şeýle-de bilelikdäki tagallalaryň netijesinde ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Ibragim Mohamed Solihe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Maldiwler Respublikasynyň halkyna bolsa rowaçlyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Soňky habarlar
06.08
2026-njy ýylyň iýuly: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.08
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Şweý­sa­ri­ýa Kon­fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň wi­se-prezidenti, Da­şa­ry iş­ler fe­de­ral de­par­ta­men­ti­niň baş­ly­gy­ny ka­bul et­di
05.08
Ýaş ne­sil­ler ba­ra­da­ky ala­da — döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ry
05.08
Me­de­ni­ýet — gym­mat­ly milli mi­ras we pa­ra­hat­çy­ly­gy ber­ka­rar et­me­giň mö­hüm şer­ti
04.08
Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek
03.08
Uzak möhletleýin halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak — Türkmenistanyň oňyn başlangyçlarynyň maksady
03.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million 755 müň dollaryndan gowrak boldy
01.08
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrine gynanç bildirdi
top-arrow