Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti “Dragon Oil” kompaniýasynyň Ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti “Dragon Oil” kompaniýasynyň Ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi
Çap edildi 25.09.2022
1167

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Dragon Oil” kompaniýasynyň Ýerine ýetiriji direktory Ali Raşid Al Jarwany kabul etdi.

Myhman ikiçäk duşuşykda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy bilen gutlady we türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow myhmana baýramçylyk çärelerine gatnaşýandygy hem-de hoşniýetli arzuwlary üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolup, bu gorlary özleşdirmek bilen meşgullanýan kompaniýalar bilen giň halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak ugrunda yzygiderli çykyş edýändigini nygtady. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan dünýäniň energiýa bazarynyň ösdürilmegine işjeň gatnaşýar. Nebitiň we gazyň çykarylýan möçberlerini artdyrmak, önümiň hilini gowulandyrmak, energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilýän möçberlerini artdyrmak ýurdumyzyň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Döwlet Baştutanymyz köpýyllyk hyzmatdaşlygyň dowamynda bu kompaniýanyň özüni işine öňdebaryjy tejribäni we ýokary tehnologiýalary, häzirki döwrüň ekologik talaplaryna laýyklykda, iň täze ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary işjeň çekýän jogapkärli hyzmatdaş hökmünde görkezendigini kanagatlanma bilen belledi.

Duşuşygyň dowamynda bilelikdäki işiň toplanan baý tejribesini hem-de Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça ägirt uly meýilnamalaryny nazara almak bilen, köpýyllyk hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Nebitiň we gazyň çykarylýan, gaýtadan işlenilýän möçberlerini artdyrmak, türkmen energiýa serişdeleriniň we taýýar nebit hem-de gazhimiýa önümleriniň eksportyny artdyrmak milli ykdysadyýetimiziň bu esasy pudagynyň öňünde goýlan ilkinji nobatdaky wezipeleriň hataryndadyr.

Hormatly Prezidentimiz dünýä bazarlarynda energiýa serişdelerine barha artýan islegi nazara almak bilen, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin oňyn mümkinçilikleriň bardygyny nygtady hem-de kompaniýanyň mundan beýläkki hyzmatdaşlyk baradaky tekliplerine seretmäge taýýardygyny belledi.

Ali Raşid Al Jarwan Türkmenistanda amala aşyrylýan hem-de halkara jemgyýetçiligiň giň goldawyna eýe bolan düýpli özgertmeleriň giň gerimine we depginlerine haýran galýandygyny aýdyp, “Dragon Oil” kompaniýasynyň mundan beýläk-de öz üstüne alan borçnamalaryna pugta eýerjekdigine ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de işewür hoşlaşyp, birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny beýan etdiler we bar bolan özara bähbitleriň deňhukuklylyk esasynda ýola goýulýan uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk üçin berk binýat boljakdygyna ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
06.08
2026-njy ýylyň iýuly: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.08
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Şweý­sa­ri­ýa Kon­fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň wi­se-prezidenti, Da­şa­ry iş­ler fe­de­ral de­par­ta­men­ti­niň baş­ly­gy­ny ka­bul et­di
05.08
Ýaş ne­sil­ler ba­ra­da­ky ala­da — döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ry
05.08
Me­de­ni­ýet — gym­mat­ly milli mi­ras we pa­ra­hat­çy­ly­gy ber­ka­rar et­me­giň mö­hüm şer­ti
04.08
Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek
03.08
Uzak möhletleýin halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak — Türkmenistanyň oňyn başlangyçlarynyň maksady
03.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million 755 müň dollaryndan gowrak boldy
01.08
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrine gynanç bildirdi
top-arrow