Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti “VINCI Construction Grands Projets” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti “VINCI Construction Grands Projets” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Çap edildi 25.09.2022
1787

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “VINCI Construction Grands Projets” fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysy Patrik Kadrini kabul etdi.

Myhman ikiçäk duşuşyga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimizi Garaşsyzlyk güni bilen mähirli gutlady hem-de döwlet Baştutanymyza we Türkmenistanyň ähli halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Şeýle-de kompaniýanyň ýolbaşçysy Aşgabada ilkinji gezek gelip görýändigini, onuň gözel keşbine haýran galandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz myhmany mübärekläp, gutlaglary hem-de ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çärelerine gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi we Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny nygtady. Şolaryň hatarynda “VINCI” fransuz kompaniýasy hem bar.

Söhbetdeşligiň dowamynda hormatly Prezidentimiz we myhman işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Patrik Kadri türkmen bazarynyň Fransiýanyň, umuman, Ýewropanyň işewür toparlary üçin aýratyn özüne çekijidigini, munuň döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan syýasaty hem-de ýurdumyzyň depginli durmuş-ykdysady ösüşi bilen şertlendirilýändigini belläp, fransiýaly hyzmatdaşlaryň hormatly Prezidentimiziň başyny başlan täze düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegine uzak möhletleýin esasda işjeň gatnaşmagy maksat edinýändiklerini tassyklady.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, milli ykdysadyýetimiziň senagatlaşdyrylmagy, şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi ýokary öndürijilikli öňdebaryjy tehnologiýalara, innowasion binagärlik taslamalaryna hem-de inženerçilik-tehniki işläp taýýarlamalara bolan zerurlygy artdyrýar. Bu babatda Türkmenistan halkara işewür toparlarynyň öňdebaryjy wekilleri, şol sanda fransuz kompaniýalary bilen özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, iň gowy dünýä tejribesini çekmäge gyzyklanma bildirýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow fransuz kompaniýalarynyň ýurdumyzdaky taslamalary ýokary hilli hem-de öz wagtynda ýerine ýetirýändiklerini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň fransuz hünärmenleri — binagärler hem-de taslamaçylar bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk üçin açykdygyny, arasynda “VINCI” kompaniýasy hem bolan öňdebaryjy gurluşyk kompaniýalary bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegini maksat edinýändigini belläp, türkmen tarapynyň geljegi uly täze taslamalar boýunça anyk tekliplere seretmäge taýýardygyny aýtdy.

Öz gezeginde, Patrik Kadri fransuz kompaniýasynyň ýurdumyz bilen köpýyllyk hyzmatdaşlyga tüýs ýürekden buýsanýandygyny belläp, “VINCI” kompaniýasynyň mundan beýläk-de öz üstüne alan borçnamalaryny pugta berjaý etjekdigine ynandyrdy.

Soňky habarlar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
23.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.10
“Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bellenildi
23.10
Awtomobil ýollary ministrligine “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
23.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, alabaý itleriniň janköýerlerine we ýurdumyzyň halkyna
23.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
23.10
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
23.10
Dünýä ähmiýetli milli gymmatlygyň şanyna
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
top-arrow