Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
Çap edildi 27.09.2022
1851

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda giňden bellenilýän Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Bu nurana baýram biziň her birimiziň kalbymyzda Diýarymyzyň şöhratly geçmişine hem-de häzirki bagtyýar zamanasyna buýsanjy, röwşen geljegine ynamy artdyrýar.

Döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän syýasat “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen şygarda öz beýanyny tapýar. Bu şygar Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer ýörelgesine doly laýyk gelýär we Garaşsyzlygymyzyň binýadynyň pugtalandyrylmagyna, ýurdumyzyň ösüşiň täze belentliklerine çykmagyna, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilendir.

Garaşsyzlyk baýramy diňe bir halkymyzyň durmuşynda möhüm sene bolmak bilen çäklenmän, eýsem, geçilen ýola baha bermek, gazanylan üstünlikleriň ähmiýetine düşünmek hem-de öňde durýan wezipeleri kesgitlemek üçin ajaýyp mümkinçilikdir diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 23-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilen Döwlet Maslahatyndaky çykyşynda belledi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan häzirki wagtda strategik ösüşe gönükdirilen özgertmeler ýoly bilen ynamly ädimlerini dowam etdirýär.

Döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli halkymyza iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, Watanymyzyň Garaşsyzlygy ýurdumyzyň halkynyň bagtyýar we abadan durmuşynyň ygtybarly binýadydyr. Garaşsyzlygymyzyň 31 ýylynyň dowamynda gazanylan zähmet ýeňişleri halkymyzyň watansöýüjiliginiň, agzybirliginiň, jebisliginiň, halal we tutanýerli zähmetiniň netijesidir. Garaşsyzlyk ýyllary içinde syýasy, ykdysady, medeni hem-de durmuş ugurlary boýunça ägirt uly ösüşler gazanylyp, Türkmenistan kuwwatly ykdysadyýeti, kämil durmuş ulgamy bolan, çalt depginler bilen ösýän, dünýä bileleşiginde uly abraýa eýe bolan döwlete öwrüldi.

Däp bolşy ýaly, ir säher bilen Watanymyzyň, ähli türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjilik, döredijilik hem-de ynsanperwerlik ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygyny alamatlandyrýan Garaşsyzlyk binasynyň ýanyna paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary we daşary ýurtly myhmanlar ýygnandylar.

Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy Garaşsyzlyk binasynyň öňündäki baýramçylyk görnüşinde bezelen meýdança gelýär. Hemmeler döwlet Baştutanymyzy ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda garşylaýarlar. Ýadygärlik toplumynyň ýanynda Hormat garawuly nyzama düzüldi.

Hormatly Prezidentimiz Watanymyzyň Garaşsyzlyga eýe bolmagynyň mukaddes senesini häzirki we geljekki nesilleriň hakydasynda ebedileşdirmäge ýardam berýän bu belent binanyň ähmiýetini has-da artdyrýan türkmen serkerdeleriniň, taryhy şahsyýetleriň heýkelleri oturdylan seýilgähden geçýär.

Döwlet Baştutanymyz özi üçin bellenilen ýörite ýere geçýär.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Hormatly Prezidentimiz ýadygärlik toplumynyň etegine gül dessesini goýýar. Bu ajaýyp güýz gülleri gahryman ata-babalarymyzyň halkymyzyň erkinligi hem-de Garaşsyzlygy ugrunda köpasyrlyk göreşlerde görkezen edermenligine baky hormat-sarpany alamatlandyrýar.

Döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar, paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary gül çemenlerini we desselerini goýýarlar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin Aşgabada gelen daşary ýurtly myhmanlar hem türkmen halkynyň milli mukaddesliklerine belent sarpanyň nyşany hökmünde gül desselerini goýdular.

Garaşsyzlyk binasynyň öňündäki meýdança güle beslenip, Watanymyza synmaz söýginiň, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne buýsanjyň nyşanyna öwrüldi.

...Adamzadyň iň gymmatly ynsanperwerlik ýörelgeleriniň dowamatlylygy parahatçylyk söýüjilik, özara düşünişmek hem-de dostluk taglymlaryna belent sarpa goýýan türkmen halkynyň üýtgewsiz ýörelgesidir. Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy bellenilýän şu günde baýramçylyk dabaralary ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda geçdi.

Soňky habarlar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
23.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.10
“Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bellenildi
23.10
Awtomobil ýollary ministrligine “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
23.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, alabaý itleriniň janköýerlerine we ýurdumyzyň halkyna
23.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
23.10
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
23.10
Dünýä ähmiýetli milli gymmatlygyň şanyna
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
top-arrow