Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti “John Deere” kompaniýasynyň wekilini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti “John Deere” kompaniýasynyň wekilini kabul etdi
Çap edildi 28.09.2022
3099

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin köp sanly daşary ýurtly myhmanlaryň hatarynda ýurdumyza gelen “John Deere” kompaniýasynyň oba hojalyk we seýilgäh enjamlary bölüminiň ýolbaşçysy Markwart fon Pentsi kabul etdi.

Işewür duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady we berk jan saglyk, rowaçlyk, türkmen halkynyň bähbidine alyp barýan tutumly işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň dünýä işewürliginiň, şol sanda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň öňdebaryjy wekilleri bilen özara bähbitli halkara işewürlik gatnaşyklary üçin hemişe açykdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda oba hojalygynyň önümçilik kuwwatynyň artdyrylmagyna uly ähmiýet berilýändigini, bu pudagyň ösdürilmeginiň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we ilatyň hal-ýagdaýyny durnukly gowulandyrmak bilen gönüden-göni baglanyşyklydygyny nygtap, “John Deere” kompaniýasynyň ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň öňden gelýän ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biridigini, ýurdumyza getirilýän tehnikalaryň işiniň netijeliligine bolsa ekerançylarymyzyň ýokary baha berýändigini belledi.

Söhbetdeşligiň dowamynda işewür döwlet Baştutanymyza ozal gazanylan ylalaşyklaryň çäklerinde alnyp barylýan işler barada habar berdi hem-de kompaniýanyň hyzmatdaşlygy giňeltmegi we Türkmenistana getirilýän oba hojalyk tehnikalarynyň, şol sanda ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ekiş we hasyl ýygnaýjy tehnikalaryň görnüşlerini artdyrmagy maksat edinýändigini belledi.

Işewür hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy bilen ýene-de bir gezek gutlap, özünde uly täsir galdyran baýramçylyk çärelerine gatnaşandygyna örän şatdygyny belledi.

Duşuşygyň ahyrynda kompaniýanyň wekili hormatly Prezidentimize bildirilýän ynam üçin hoşallygyny beýan etdi hem-de “John Deere” kompaniýasynyň netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin mundan beýläk-de ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Soňky habarlar
06.08
2026-njy ýylyň iýuly: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.08
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Şweý­sa­ri­ýa Kon­fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň wi­se-prezidenti, Da­şa­ry iş­ler fe­de­ral de­par­ta­men­ti­niň baş­ly­gy­ny ka­bul et­di
05.08
Ýaş ne­sil­ler ba­ra­da­ky ala­da — döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ry
05.08
Me­de­ni­ýet — gym­mat­ly milli mi­ras we pa­ra­hat­çy­ly­gy ber­ka­rar et­me­giň mö­hüm şer­ti
04.08
Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek
03.08
Uzak möhletleýin halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak — Türkmenistanyň oňyn başlangyçlarynyň maksady
03.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million 755 müň dollaryndan gowrak boldy
01.08
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrine gynanç bildirdi
top-arrow