Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar
Çap edildi 05.10.2022
459

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Jenap Prezident!

Size hem-de ähli türkmen halkyna Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.

Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Sauli NIINISTÝO,

Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidenti.


* * *


Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!

Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli Size hem-de türkmen halkyna iň gowy arzuwlarymy ýollaýaryn.

Wengriýa bilen Türkmenistanyň arasynda özara hormat goýmaga esaslanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň soňky ýyllarda köp ugurlar boýunça ösdürilýändigini bellemek meniň üçin ýakymlydyr. Wengriýanyň biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna üýtgewsiz ygrarlydygyna Sizi ynandyrmak isleýärin.

Size berk jan saglyk hem-de jogapkärli işiňizde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Katalin NOWAK,

Wengriýanyň Prezidenti.


* * *


Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Gresiýanyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.

Halkara gatnaşyklarda biziň birek-birege hormat goýmagymyz ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üpjün etmegiň möhüm şerti bolmak bilen, gatnaşyklarymyzyň ösdürilmegi üçin ygtybarly binýady emele getirýär diýip hasaplaýaryn.

Size abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlarymy iberýärin, Türkmenistanyň halkyna bolsa ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin.

Katerina SAKELLAROPULU,

Gresiýa Respublikasynyň Prezidenti.


* * *


Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli Tunis Respublikasynyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy we berk jan saglyk, bagt, doganlyk türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş, abadançylyk, rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Pursatdan peýdalanyp, biziň doganlyk halklarymyzyň bähbidine, şeýle-de halkara derejede umumy maksatlara ýetmekde gatnaşyklary ösdürmek ugrunda dostlugymyzy we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagy ugur edinýändigimizi ýene bir gezek nygtamak isleýärin.

Jenap Prezident, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Kais SAID,

Tunis Respublikasynyň Prezidenti.


* * *


Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Serbiýa Respublikasynyň Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adymdan Size tüýs ýürekden gutlaglarymy, halkyňyza bolsa mundan beýläk-de abadançylyk baradaky arzuwlarymy beýan edýärin.

Serbiýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky hemmetaraplaýyn gatnaşyklaryň özara düşünişmek we dostluk ýörelgelerine esaslanýandygyny aýtmaga şatdyryn. Munuň özi umumy gyzyklanma bildirýän ähli ulgamlarda halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösüşi we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin berk binýat bolup hyzmat edýär.

Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Ana BRNABIÇ,

Serbiýa Respublikasynyň Hökümetiniň Başlygy.


* * *


Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Jenap Prezident!

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň hem-de hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma bildirilýän ähli ulgamlarda geljekde-de ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Siziň Alyhezretiňiz, Size hem-de halkyňyza uly üstünlikleri we abadançylyk arzuw edýärin!

Petr FIALA,

Çehiýa Respublikasynyň Premýer-ministri.


* * *


Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Sizi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Şu ýyl biziň ýurtlarymyzyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl dolýar. Şol gatnaşyklary özara gyzyklanma bildirilýän möhüm ugurlaryň birnäçesi boýunça giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna pugta ynanýaryn.

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa ösüş we abadançylyk baradaky tüýs ýürekden arzuwlarymy kabul ediň!

Kiriakos MISOTAKIS,

Gresiýa Respublikasynyň Premýer-ministri.

Soňky habarlar
11.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 11 million 375 müň dollaryna deň boldy
10.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
10.05
Daşkentde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
10.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
09.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary tamamlandy
09.05
Ýeňiş gününe bagyşlanan dabaralar
09.05
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
09.05
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
09.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary
top-arrow