Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Astana şäheriniň Baş metjidine baryp gördi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Astana şäheriniň Baş metjidine baryp gördi
Çap edildi 15.10.2022
1359

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Astana şäheriniň Baş metjidine baryp gördi. Bu täze metjit şu ýylyň awgust aýynda açylyp ulanylmaga berildi.

Bu ýerde, merkezi girelgäniň öňünde hormatly Prezidentimizi metjidiň baş ymamy mähirli gaşylady we belent mertebeli myhmany metjit toplumy, onuň desgalary, binagärliginiň hem-de bezeginiň aýratynlyklary bilen tanyşmaga çagyrdy.

Gazagystandaky iň uly metjit 10 gektar meýdanda guruldy. Oňa jemi 2335 adam ýerleşýär, olaryň 35 müňüsi bir wagtyň özünde zallarda, 200 müňüsi bolsa açyk meýdançada namaza durup bilýärler. Täze metjidiň dört minarasy bar. Olar her biriniň beýikligi 130 metre barabardyr. Çep ganatdaky minaralaryň biri bu ýere gelýänler we syýahatçylar üçin açykdyr. Olar liftde metjidiň syn ediş meýdançasyna galyp bilýärler. Metjidiň uly gümmeziniň beýikligi 83,2 metre, diametri 62 metre barabardyr. Metjidiň bezeginde milli gazak nagyşlary hem-de däp bolan yslam bezegleri, reňkli mozaýka we halylar ulanyldy.

Soňky habarlar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
23.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.10
“Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bellenildi
23.10
Awtomobil ýollary ministrligine “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
23.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, alabaý itleriniň janköýerlerine we ýurdumyzyň halkyna
23.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
23.10
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
23.10
Dünýä ähmiýetli milli gymmatlygyň şanyna
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
top-arrow