Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Baş sekretary, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Baş sekretary, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
Çap edildi 23.10.2022
1405

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Baş sekretary wezipesine gaýtadan saýlanmagy, şeýle-de Hytaý Halk Respublikasynyň geljekki yzygiderli ösüşiniň ýollaryny kesgitlän, möhüm syýasy waka öwrülen Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň XX ählihytaý gurultaýynyň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

“Şu günlerde dünýä bileleşigi, şol sanda Türkmenistanyň halky Hytaýyň täze eýýamda nobatdaky ösüş tapgyryna çykmagyna ýardam beren, ýurduň taryhynda ägirt uly ähmiýete eýe bolan bu waka aýratyn üns bermek bilen seretdi. Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň XX gurultaýynyň netijeleri hytaý halkynyň öz Liderine we Siziň parasatly ýolbaşçylygyňyzda alnyp barylýan hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrmak, milli ruhy pugtalandyrmak we halkyň durmuş şertlerini gowulandyrmak syýasatyna doly ynanýandygyny görkezdi” diýip, döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda nygtady.

“Senagat önümçiliginiň durnukly ýokary ösüş derejesini we ähli meseleleri öz içine alýan ýaşaýyş-durmuş maksatnamalaryny üpjün etmek bilen, Hytaý soňky onýyllykda dünýä derejeli ykdysady, ulag, ylmy-tehnologik merkeze öwrüldi. Şol döwürde strategik hyzmatdaşlygy ýola goýup, biziň ýurtlarymyzyň gatnaşyk saklamagyň täze, has ýokary basgançagyna çykandygyny bellemek guwandyryjydyr. Siziň ýolbaşçylyk etjek indiki bäş ýylyňyzda Hytaýyň ykdysady kuwwatynyň has-da güýçlendiriljekdigine, hytaý halkynyň öňe gitjekdigine we gülläp ösjekdigine ynanýaryn” diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň däbe öwrülen deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara bähbitleri nazara almak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-hytaý gatnaşyklaryna uly ähmiýet berýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýurtlarymyzda bar bolan ägirt uly kuwwatlyklary doly derejede ulanmak üçin Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasy bilen mundan beýläk-de çuň many-mazmunly, anyk we ýokary derejedäki ynanyşykly gatnaşyklary alyp barmagy maksat edinýändigi tassyklanyldy.

Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşýan ägirt uly goşandy üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine minnetdarlyk bildirdi we berk jan saglyk, alyp barýan jogapkärli döwlet işinde üstünlik, Hytaýyň zähmetsöýer halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Soňky habarlar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
23.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.10
“Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bellenildi
23.10
Awtomobil ýollary ministrligine “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
23.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, alabaý itleriniň janköýerlerine we ýurdumyzyň halkyna
23.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
23.10
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
23.10
Dünýä ähmiýetli milli gymmatlygyň şanyna
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
top-arrow