Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen hat
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen hat
Çap edildi 27.10.2022
1887

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Ozaly bilen, ajaýyp Türkmenistana amala aşyran resmi saparymyzyň barşynda maňa hem-de Özbegistan Respublikasynyň wekiliýetine bildirilen aýratyn üns, tüýs ýürekden myhmansöýerlik üçin hoşallygymy beýan edýärin.

Biz soňky ýyllarda Türkmenistan bilen barha ösdürilýän döwletara gatnaşyklara örän ýokary baha berýäris, bu gatnaşyklar beýleki ýurtlar üçin görelde bolup biler. Biz onuň okgunly ösdürilmegine ileri tutulýan derejede üns berýäris. Şunuň bilen baglylykda, Siziň bilen geçiren ýokary derejedäki oňyn häsiýetli hem-de netijeli gepleşiklerimizi, Strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama gol çekilmegini çuňňur kanagatlanma bilen belleýärin. Gazanylan ylalaşyklar biziň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklarymyzy düýpgöter täze derejä çykardy.

Gepleşiklerimiziň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady, ulag-logistika, energetika, himiýa, oba we suw hojalygy, medeni-ynsanperwer ulgamlarda, şeýle hem parlamentara dialogy, sebitara gatnaşyklary ösdürmek ugurlarynda gazanylan anyk ylalaşyklar, Serhetýaka söwda zolagynyň gurluşygyna badalga berilmegi, gürrüňsiz, doganlyk özbek we türkmen halklarynyň umumy abadançylygyny üpjün etmekde giň mümkinçilikleri açýar.

Gözelligi babatda deňi-taýy bolmadyk Aşgabatda “Daşkent” seýilgähiniň açylmagyny hem-de maňa “Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hormatly professory” alymlyk derejesiniň berilmegini, ozaly bilen, özbek halkyna goýulýan belent sarpanyň, halklarymyzyň arasyndaky köpasyrlyk dostlugyň aýdyň nyşany diýip hasap edýärin.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Saparyň dowamynda Siz bilen ylalaşylan hoşniýetli maksatlaryň we meýilnamalaryň, anyk taslamalaryň, maksatnamalaryň doly durmuşa geçirilmeginiň iki doganlyk döwletiň arasynda köpugurly, uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegine, tutuş Merkezi Aziýa sebitinde durnuklylygyň üpjün edilmegine uly goşant boljakdygyna ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we durnukly ösüş arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Şawkat MIRZIÝOÝEW,

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.

Soňky habarlar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
23.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.10
“Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bellenildi
23.10
Awtomobil ýollary ministrligine “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
23.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, alabaý itleriniň janköýerlerine we ýurdumyzyň halkyna
23.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
23.10
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
23.10
Dünýä ähmiýetli milli gymmatlygyň şanyna
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
top-arrow