Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Çap edildi 28.10.2022
1664

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana we doganlyk türk halkyna ýurduň milli baýramy — Türkiýe Respublikasynyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Siziň parasatly baştutanlygyňyzda Türkiýe Respublikasy döwlet esaslaryny berkitmekde, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda we ýurduň halkara giňişlikdäki abraýyny ýokarlandyrmakda uly üstünlikleri gazandy” diýlip, gutlag hatynda bellenilýär. Döwlet Baştutanymyz: “Biz Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklara ýokary baha berýäris” diýip nygtady we bu gatnaşyklaryň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Rejep Taýyp Ärdogana berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işinde üstünlik, Türkiýe Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdi.

Soňky habarlar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
23.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.10
“Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bellenildi
23.10
Awtomobil ýollary ministrligine “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
23.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, alabaý itleriniň janköýerlerine we ýurdumyzyň halkyna
23.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
23.10
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
23.10
Dünýä ähmiýetli milli gymmatlygyň şanyna
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
top-arrow