Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow TDG bilen ulag we energetika pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge çagyrdy
Syýasy habarlar
Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow TDG bilen ulag we energetika pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge çagyrdy
Çap edildi 11.11.2022
1936

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow TDG bilen ulag we energetika pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi çagyrdy. Bu barada Gahryman Arkadagymyz TDG-niň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Samarkant şäherinde geçirilen mejlisinde belledi.

Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasyna synçy hökmünde girmegi biziň doganlyk ýurtlar bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlygymyzyň täze tapgyry boldy. 

«Biz ýurtlarymyzyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmegi, haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmagy we diwersifikasiýa etmegi isleýäris. Hususan-da, döwletlerimizi birleşdirýän ykdysady ugurlar hakynda gürrüň barýar. Biz olary harytlaryň, hyzmatlaryň, maýa goýum serişdeleriniň ýewraziýa giňişligindäki hereketiniň durnukly esasy ulgamy hökmünde görýäris» diýip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy aýratyn üns çekdi.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, senagat kooperasiýasyny, ýurtlarymyzyň önümçilik we tehnologik kuwwatyny birleşdirmegi, bilelikdäki iri üpjünçilik taslamalaryny amala aşyrmagy ykdysady ugurlaryň möhüm bölegi hasaplaýarys.

«Türkmenistan ulag we energetika pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi Türki Döwletleriň Guramasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görýär. Bu bolsa, häzirki döwürde ählumumy ykdysady ösüşiň meýillerini kesgitleýji hökmünde çykyş edýär» diýip, hormatly Arkadagymyz belledi. 

«Bu işde bar bolan bäsdeşlik artykmaçlygyny peýdalanyp, täze ulag-üstaşyr geçelgeleri, energetiki ugurlary döretmäge doly hukukly we netijeli gatnaşyjynyň ornuny öz wagtynda hem-de işjeň üpjün etmeli. Munuň ýakyn geljekde biziň umumy möhüm wezipelerimize öwrülmelidigine ynanýaryn» diýip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy üns çekdi.

Soňky habarlar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
23.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.10
“Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bellenildi
23.10
Awtomobil ýollary ministrligine “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
23.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, alabaý itleriniň janköýerlerine we ýurdumyzyň halkyna
23.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
23.10
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
23.10
Dünýä ähmiýetli milli gymmatlygyň şanyna
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
top-arrow