Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Uganda Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Uganda Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Çap edildi 15.11.2022
1510

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Uganda Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammad Tezikuba Kisambiradan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan myhmany jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi hoşniýetli sözler hem-de türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkyna öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň iň gowy arzuwlaryny ýetirdi hem-de parahatçylyk söýüji syýasaty, parahatçylyk dörediji başlangyçlary bilen uly halkara abraýa eýe bolan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda Ugandanyň ilçisi bolmagy özi üçin mertebe hasaplaýandygyny nygtady.

Söhbetdeşligiň dowamynda ilçä milli döwlet syýasatymyzyň esasy ugurlary barada habar berildi. Giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek bu syýasatyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şeýle hem myhman ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan, halkymyzyň rowaçlygyny, Türkmenistanyň ykdysady ösüşini özüne maksat edinýän durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler bilen tanyşdyryldy. Şeýle-de duşuşykda Türkmenistanda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler bilen baglylykda, milli parlamentiň ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alyp barýan işi barada söhbet edildi. Şunda parlamentara derejede dialogy giňeltmegiň, Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleýin edaralarynyň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň wajypdygy bellenildi.

Diplomat öz ýurdunyň söwda, işewürlik we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň, şol sanda syýahatçylyk we sport ulgamynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini belläp, ikitaraplaýyn dialogyň üstünlikli ösdürilmegi üçin ähli tagallalary etjekdigini nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda diplomat ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki döwrüň ýagdaýlaryna we özara bähbitlere laýyk gelýän täze derejä çykaryljakdygyna ynam bildirdi.

Soňky habarlar
05.08
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Şweý­sa­ri­ýa Kon­fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň wi­se-prezidenti, Da­şa­ry iş­ler fe­de­ral de­par­ta­men­ti­niň baş­ly­gy­ny ka­bul et­di
05.08
Ýaş ne­sil­ler ba­ra­da­ky ala­da — döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ry
05.08
Me­de­ni­ýet — gym­mat­ly milli mi­ras we pa­ra­hat­çy­ly­gy ber­ka­rar et­me­giň mö­hüm şer­ti
04.08
Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek
03.08
Uzak möhletleýin halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak — Türkmenistanyň oňyn başlangyçlarynyň maksady
03.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million 755 müň dollaryndan gowrak boldy
01.08
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrine gynanç bildirdi
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidentini gutlady
top-arrow