Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Daşary işler ministrlikleriniň arasynda türkmen-rus hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekildi
Syýasy habarlar
Daşary işler ministrlikleriniň arasynda türkmen-rus hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekildi
Çap edildi 07.12.2022
942

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça türkmen wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasyna saparynyň çäklerinde iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary tarapyndan Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2023-2024-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekildi.

Duşuşygyň dowamynda Russiýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy S.Lawrow özara hormat goýmak, deňhukuklylyk we ynanyşmak ýörelgelerine laýyklykda ösdürilýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dostlukly, depginli, yzygiderli häsiýetini belledi. “Türkmenistan biziň ýakyn dostumyz, strategik hyzmatdaşymyzdyr. Russiýa sebitleýin we halkara işlerde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga möhüm orun berýär. Iki ýurduň Prezidentleri biziň gatnaşyklarymyzyň ösdürilmegine itergi berýär. Olar diňe şu ýylyň özünde bäş gezek duşuşdylar” diýip, Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri nygtady hem-de parlament hyzmatdaşlygynyň, Russiýanyň sebitleriniň Türkmenistan bilen özara gatnaşyklarynyň ähmiýetini belledi. Bu bolsa döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna saldamly goşant goşýar.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy şu gezekki gepleşikleriň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmeginde möhüm ädime öwrüljekdigini aýtdy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklaryň şol gatnaşyklary üstünlikli ösdürmegiň möhüm guraly bolup durýandygyny aýratyn nygtady. Şeýle-de rus tarapyna Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki, şol sanda energetika howpsuzlygy, durnukly ulag ulgamy, ekologiýa ýaly ulgamlarda we birnäçe beýleki ugurlardaky başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy üçin hoşallygyny beýan etdi.

Söhbetdeşler daşary syýasatdaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini, hususan-da, sebit hem-de ählumumy derejede durnuklylygy üpjün etmek, Hazar, Aral meseleleri boýunça hyzmatdaşlygy, şeýle hem täze wehimlere we howplara garşy bilelikdäki hereketlerde özara gatnaşyklary giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň we Russiýanyň halkara guramalaryň çäklerinde, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynda, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda hyzmatdaşlygynyň netijeliligi bellenildi.

Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň arasynda soňky ýyllarda depginli ösdürilýän söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerine aýratyn orun berildi. Medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň wajypdygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, S.Lawrow Türkmenistanda rus diline, medeniýetine aýawly garalýandygyna ýokary baha berdi hem-de Aşgabatda A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň täze binasyny gurmak, Rus-türkmen uniwersitetini döretmek hakynda döwlet derejesinde kabul edilen çözgüdi kanagatlanma bilen belledi.

Taraplar iki ýurduň bähbitlerine laýyk gelýän, sebit we dünýä derejesinde parahatçylygy, durnuklylygy, ösüşi üpjün etmäge ýardam berýän strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Soňky habarlar
04.08
Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek
03.08
Uzak möhletleýin halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak — Türkmenistanyň oňyn başlangyçlarynyň maksady
03.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million 755 müň dollaryndan gowrak boldy
01.08
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrine gynanç bildirdi
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidentini gutlady
31.07
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyndaky ÇYKYŞY
31.07
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy
31.07
Döwletiň we jemgyýetiň demokratik esaslaryny pugtalandyrmak ugrunda
top-arrow