Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Öňüni alyş diplomatiýasynyň ýörelgeleri esasynda sebit hyzmatdaşlygy giňeldilýär
Syýasy habarlar
Öňüni alyş diplomatiýasynyň ýörelgeleri esasynda sebit hyzmatdaşlygy giňeldilýär
Çap edildi 11.12.2022
1302

Şu gün Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesindäki her ýylda geçirilýän duşuşyk boldy. Çäräni döredilen senesine 15 ýyl bolan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi gurady. Duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlary, BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German, BMG-niň Baş sekretarynyň Owganystan boýunça ýörite wekiliniň, BMG-niň Owganystana goldaw bermek boýunça missiýasynyň orunbasary Markus Potsel dagy gatnaşdy.

Netijeli geçen duşuşygyň dowamynda Merkezi Aziýa döwletleri bilen BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň arasyndaky sebitara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň we giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Munuň özi sebitde howpsuzlygy, parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça bilelikdäki tagallalaryň utgaşdyrylmagynda ähmiýetlidir. Şeýle hem BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň we BMG-niň Owganystana goldaw bermek boýunça missiýasynyň işjeň gatnaşmagynda taraplaryň arasyndaky özara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine möhüm üns berildi. Soňky ýyllarda Owganystany we onuň dostlukly halkyny işjeň çekmek arkaly sebitde ynanyşmak esasynda ýola goýulýan gatnaşyklar giňeldildi.

Duşuşygyň dowamynda ählumumy ýagdaýyň çäklerinde sebitde bar bolan meselelere seljerme berildi, şeýle hem häzirki zamanyň howplaryna, wehimlerine, terrorçylyga, zor salmalara, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna bilelikde garşy durmak boýunça Merkezi Aziýanyň döwletleriniň tagallalaryny utgaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Sebitiň ýurtlarynyň bilelikde alyp barýan işleriniň möhümdigi, halkara hukuk kadalary esasynda sebitleýin meseleleri çözmekde anyk netijeleriň gazanylmagyny şertlendirýän oňaýly mümkinçilikleriň döredilmeginiň ähmiýetli boljakdygy bellenildi. Hususan-da, adatdan daşary ýagdaýlar döwründe ygtybarly halkara ulag gatnawlaryny ýola goýmak, ekologiýa, energetika we suw howpsuzlygyny üpjün etmegiň, umumy tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmagyň we kiberhowpsuzlyk boýunça özara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň zerurdygy bellenildi.

Mundan başga-da, türkmen tarapynyň BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň başlangyjy boýunça Ýaşlar üçin öňüni alyş diplomatiýasy akademiýasy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlar dialogy ýaly işewür düzümleri ilerletmek meselelerine jogapkärçilikli çemeleşýändigi nygtaldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň ykdysady taýdan durnukly ösüşiniň üpjün edilmegine, senagat, maýa goýum, ulag-kommunikasiýa pudaklarynyň, durmuş ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, tebigy serişdeleriň rejeli peýdalanylmagyna, daşary ykdysady gatnaşyklaryň berkidilmegine gönükdirilen toplumlaýyn çäreler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyna mümkinçilik döredýär.

Soňky habarlar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
23.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.10
“Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bellenildi
23.10
Awtomobil ýollary ministrligine “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
23.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, alabaý itleriniň janköýerlerine we ýurdumyzyň halkyna
23.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
23.10
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
23.10
Dünýä ähmiýetli milli gymmatlygyň şanyna
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
top-arrow