Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
Çap edildi 14.12.2022
1311

Şu gün Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň birinji üçtaraplaýyn sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşdy.

Halk Maslahatynyň Başlygy Azerbaýjan Respublikasynyň Baştutanyny “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda mähirli garşylap, Prezident Ilham Aliýewe üçtaraplaýyn sammite gatnaşmak üçin ýurdumyza gelmäge çakylygy kabul edendigine minnetdarlyk bildirip, geçiriljek gepleşikleriň dostlukly ýurtlaryň ýakyn geljek hem-de uzak möhletleýin döwürde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek, şeýle hem döwletara hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak üçin oňyn mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirdi.

Öz nobatynda, Azerbaýjanyň Prezidenti Gahryman Arkadagymyz bilen mähirli salamlaşyp, söhbetdeşlikde döwletara gatnaşyklaryň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmaga döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirdi, mizemez dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri bu gatnaşyklaryň esasyny düzýär.

Söhbetdeşler häzirki wagtda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň uzak möhletleýin we özara bähbitli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen bellediler. Taraplar sebit we halkara gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça doly özara düşünişmek derejesini görkezýärler. Bellenilişi ýaly, ýurtlarymyz sebitleýin we halkara guramalaryň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Ýokary derejede geçirilýän duşuşyklar hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine itergi berýär.

Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz geçen hepdede Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy hanym Sahiba Gafarowanyň Türkmenistana bolan saparynyň we onuň çäklerinde gol çekilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň ähmiýetini nygtady hem-de bu saparyň iki ýurduň parlamentara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine itergi berendigini we öz tarapyndan parlamentara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga goldaw bermäge taýýardygyny belledi.

Taraplar türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda dürli ugurlarda, şol sanda söwda-ykdysady, energetika, ulag-kommunikasiýa we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti özara gyzyklanma bildirilýän sebitleýin we halkara syýasatyň birnäçe ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Ilham Aliýew Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň dünýä we sebit forumlarynyň belent münberlerinde öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň möhümdigini aýratyn belledi.

Duşuşygyň ahyrynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň geljekde hem iki ýurduň we olaryň halklarynyň bähbidine özara bähbitli hyzmatdaşlyk ruhunda okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
23.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.10
“Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bellenildi
23.10
Awtomobil ýollary ministrligine “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
23.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, alabaý itleriniň janköýerlerine we ýurdumyzyň halkyna
23.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
23.10
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
23.10
Dünýä ähmiýetli milli gymmatlygyň şanyna
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
top-arrow