Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Çap edildi 15.12.2022
1195

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe we ýurduň ähli halkyna Gazagystan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

Gutlag hatynda Garaşsyzlyk ýyllarynda Gazagystanyň durmuş-ykdysady ösüşinde we halkyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmakda uly üstünlikleri gazanmagy başarandygy bellenilýär. Gazagystan häzirki wagtda dünýäde mynasyp orny eýeleýär. “Bu gün Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky strategik gatnaşyklar ýokary depginlerde ösdürilýär. Parlamentara gatnaşyklaryň hem işjeň ösdürilýändigi bizi begendirýär. Olar biziň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzy täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilendir” diýip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady hem-de Türkmenistanyň we Gazagystanyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň geljekde-de iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk we bagtyýarlyk, Gazagystan Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de rowaçlyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Soňky habarlar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
23.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.10
“Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bellenildi
23.10
Awtomobil ýollary ministrligine “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
23.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, alabaý itleriniň janköýerlerine we ýurdumyzyň halkyna
23.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
23.10
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
23.10
Dünýä ähmiýetli milli gymmatlygyň şanyna
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
top-arrow