Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň daşary işler ministrini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň daşary işler ministrini kabul etdi
Çap edildi 19.12.2022
1543

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al Saudy kabul etdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza hoşallygyny beýan edip, Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdelaziz Al Saudyň mähirli salamyny hem-de ähli türkmen halkyna rowaçlyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şunda dostlukly ýurduň Türkmenistan bilen köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Saud Arabystanynyň Patyşasyna salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ministriň Türkmenistana şu gezekki saparynyň uzak möhletleýin türkmen-saud gatnaşyklaryny ösdürmegiň ýolunda nobatdaky ädim boljakdygyna ynam bildirip, iki dostlukly döwletiň daşary syýasat edaralarynyň geňeşmelerinde üstünlikleri arzuw etdi hem-de Aşgabatda Saud Arabystany Patyşalygynyň ilçihanasynyň täze binalar toplumynyň açylmagy bilen gutlady.

Döwlet Baştutanymyz şu ýyl Türkmenistan bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl dolandygyny nygtap, ýurdumyzyň uzak möhletli geljegi nazarlaýan ikitaraplaýyn doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigini belledi hem-de bu gatnaşyklary has-da belent derejä çykarmaga, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň iýun aýynda Türkmenistanyň Prezidenti hökmünde Saud Arabystany Patyşalygynyň mukaddes topraklaryna amala aşyran ilkinji saparyny — zyýaratyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny, bu saparyň özünde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrandygyny nygtady.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz we myhman ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşlerde, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny hem-de geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň halkara başlangyçlaryny goldaýandygy üçin saud tarapyna minnetdarlyk bildirdi. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen birnäçe Kararnamalar bu başlangyçlaryň möhümdigine şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al Saud iki ýurduň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge ygrarlydygyny tassyklap, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň oňyn depginini we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly eksport-import mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Ýangyç-energetika toplumy, söwda, maýa goýumlar, ulag we aragatnaşyk, himiýa we dokma senagaty, oba hojalygy hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Ylym we medeniýet ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň möhümdigine aýratyn üns çekildi. Bu ulgamlarda hyzmatdaşlygyň köpýyllyk tejribesi toplanyldy we ony pugtalandyrmak üçin mümkinçilikler bar.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we Saud Arabystany Patyşalygynyň daşary işler ministri dostluk, özara hoşniýetli erk bilen berkidilen döwletara gatnaşyklaryň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de giňeldiljekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
04.08
Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek
03.08
Uzak möhletleýin halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak — Türkmenistanyň oňyn başlangyçlarynyň maksady
03.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million 755 müň dollaryndan gowrak boldy
01.08
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrine gynanç bildirdi
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidentini gutlady
31.07
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyndaky ÇYKYŞY
31.07
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy
31.07
Döwletiň we jemgyýetiň demokratik esaslaryny pugtalandyrmak ugrunda
top-arrow