Baş sahypa
\
Türkmen tebigatyň gözelligi
\
Repetek — türkmen tebigatynyň ajaýyp künjegi
Türkmen tebigatyň gözelligi
Repetek — türkmen tebigatynyň ajaýyp künjegi
Çap edildi 31.12.2022
8648

Repetek — bu Garagum sährasynyň iň gözel ýerleriniň biri. Hut şu ýerde 1927-nji ýylyň oktýabr aýynda gara sazakly tokaýlary we oňa golaý bolan sähra meýdanlaryny goramak maksady bilen goraghana döredildi. 1979-njy ýylda Repetek goraghanasy ÝUNESKO-nyň karary esasynda biosfera derejesini alyp, şonuň bilen birlikde-de Halkara möçberinde tassyklanan tebigy ekosistema etalonlarynyň sanawyna tassyklandy.

Repetek goraghanasy Repetek sähra bekedinden has öň, heniz 1912-nji ýylda Rus imperatorynyň geografiýa jemgyýeti we onuň wise-ptezidenti meşhur geograf we syýahatçy Petr Semýonow Týan-Şanyň tagallasy tarapyndan döredildi. Bekediň gös-göni guramaçysy we 1928-nji ýyla çenli ilkinji direktory Merkezi Aziýada sährany öwreniş ylmynyň düýbüni tutujylaryň biri Wladimir Dubýanskiý bolupdy.

Türkmen tebigatynyň bu özüne çekiji ajaýyp künjegi şu günlerem ençeme alymlaryň ünsüni özüne çekýär. Goraghanada belli genetik Nikolaý Wawilow we häzirki zaman topragy öwreniş ylmynyň düýbüni tutujy Wasiliý Dokuçaew işläpdiler. Bu ýerde meşhur rus alymy, ýazyjy Wladimir Obruçýew hem bolupdy. Repetekde beýleki ylmyň we sungatyň görnükli işgärleri myhman bolupdylar.

Bu ýerleriň owadanlygyna täsin galan Petr Semýonow Týan-Şan ujypsyzja meýdanda hakykatdan hem dünýäniň beýleki sähralaryna mahsus bolan birnäçe toýunly-gumly ýerleriň hemme görnüşlerini Garagumuň ýer gurluşynda görmek bolýandygyny belläp geçýär. Aýratynam ony häzirki döwürde belli bolan, owazy mylaýym eşidilýän «Repetek Saharasy» adyna bütinleý mynasyp bolan meýdany aýratyn hem täsin galdyrypdyr.

Bu ýerde ajaýyp görnüşleriň owadanlygy göz öňüňde ör boýuna galýar. Äpet tolkunlary ýatladyp, gerişlerinden şemalyň öwüsginine bimaza bolýan müňlerçe çägejikleri sowrulýan alaňlary haýran galdyryjydyr. Alaňlary beýle beýik däl, ýöne seýrek bolýan şemal öz ugruna hut çäge zerrejiklerini ondan oňa süýşürýär. Şol sebäplem ýene birnäçe wagtdan gelseň, öň özüňe tanyş ýerleri tanamazlygyň hem mümkin.

Muňa garamazdan «Ýaman tokaý» jeňňelligi gyzyklydyr. Syýahatça wagt-wagt çäge üstüni 80 gradusa çenli gyzdyrýan tomus gününiň ýakyp barýan şöhlesinden näzik we ýaşyl pürli sazak agajynyň ýaýran şahalarynyň saýasyndan başga giň saýany tapyp bolmaz. Kähalatda «gyzgynlygyň polýusy» diýip atlandyrylýan hut Repetekde 1983-nji ýylda öňki SSSR boýunça temperaturanyň +51,8 rekordynyň hasaba alnandygy ýöne ýere däldir. Ýöne ýaz günleri çigildemler açyk-gyzyl gülleýärkä, sary güller açylýarka kiçiräk jeňňel nähili öwüsýärkä!?

Repetekde ýene gum akasiýasyna tomaşa etmek bolar.Bu leýlisaç agajyny ýatladyp 6-7 metr belentlige çenli ösýän dim-dik agaç. Ol çäge gatlaklarynyň arasynda gömülip galmakdan gorkman ürgün çägeleriň arasynda ösýär.

Garagumda ýaşaýan dürli görnüşli guşlaryň, süýrenjileriň, mör-möjekleriň 90% görnüşi jemlenen Repetek dürli-dürli haýwanat dünýäsine-de baýdyr.Diňe oňurgasyzlar maşgalasyndan — kebelekler, möýler we beýleki ownuk jandarlaryň bu ýerde tas bir ýarym müňüsi diýen ýaly ýaşaýar. Repetek goraghanasynyň köp ýaşaýjysy ajaýypdyr. Meselem: türkmen şahly tomzagy üçin ýerleşmäge bu ýalňyz belli ýerdir.

Süýrenjilerden pyşdyly, gumdaky uzyngulak gulanlary we ýabany atlary görmek bolýar. Bu ýerde Türkmenistanyň çäklerinde duş gelýän ýylanlaryň tas on iki görnüşini görmäge mümkinçilik bar. Olaryň biri boolsa biperwaý ýolagça hemişe özüniň ýakyndadygyny duýdurýan, pähimli we owadan ýylan Orta Aziýa kepjebaşydyr.

Jöwzaly Garagumuň goýnunda guşlaryň iki ýüzden gowrak görnüşine duşmak bolýar. Olaryň hatarynda hatda Repetegiň töwereginde çäge käninde emele gelen kölde ýüzýän ýelekli suw guşlaram bar. Agşamyň ümüş- tamyşlygynda gijäniň ýyrtyjylary —habardar baýguş we öýçül gündizkör asmana galýarlar. Başga-da seýrek guşlaryň tutuş topary goraghanada wagtlaýynça düşelge tapýarlar.

Goraghanada ýaşaýan garagulaklar, jerenler, hindi oklukirpileri Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi.

Soňky habarlar
06.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowy «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary
06.12
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
06.12
Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentini gutlady
06.12
Türkmenistanyň Prezidenti Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
05.12
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany 2025-nji ýylyň 11-13-nji dekabryny iş güni däl diýip yglan etmek hakynda
04.12
Parahatçylyk we ynanyşmak — Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň berk binýady
04.12
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy — daşary ýurt neşirleriniň sahypalarynda
03.12
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.12
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
top-arrow