Baş sahypa
\
Türkmenistanyň logistika kuwwaty
\
«Laçyn» – paýtagtymyzdaky ýokary derejeli Halkara howa menzili
Türkmenistanyň logistika kuwwaty
«Laçyn» – paýtagtymyzdaky ýokary derejeli Halkara howa menzili
Çap edildi 31.12.2022
1419

Howa menziliniň binasy dünýäniň islendik ýurdunyň paýtagtynyň ýüzüdir. Çünki ýurda gelen adama ilki bilen howa menziliniň terminaly we onda döredilen şertler täsir edýär. Hut şonuň üçinem dokuz ýyl mundan ozal Aşgabatda häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän täze Halkara howa menzilini gurmak kararyna gelindi. Onuň gurluşygynyň Türkmenistanda özüni iň gowy gurluşyk kompaniýalarynyň biri hökmünde tanadýan «Polimeks» türk kompaniýasyna ynanylmagy hem tötänden däldir.

Dünýä derejesindäki aerowokzal toplumy kemala gelýänçä gurluşykçylara üç ýyl töweregi wagt gerek boldy. Indi paýtagtyň ýaşaýjylarydyr myhmanlarynyň gözi ganatlaryny ýaýýan laçyn görnüşinde halkara derejesindäki täze terminala düşýär. Bina polat gurnamalardan, aýnadan gurlup, owadanlygy özüne bendi edýän ak mermer bilen örtülendir.

Halkara howa menziliniň ýolagçylara uçara çenli, şeýle hem uçardan terminal binasyna çenli hyzmat edýän otuz teleskopik derwezesi bar. Terminalyň meýdany 160 müň inedördül metrden gowrak, beýikligi elli metre we uzynlygy ýetmiş metre golaýdyr.

Aşgabadyň Halkara howa menzili her ýyl 14 milliondan gowrak ýolagça hyzmat etmäge niýetlenendir, munuň üçin bu ýerde 1800 hünärmen zähmet çekýär. Ýolagçylara amatly şertler döretmek üçin binada liftler we eskalatorlar oturdyldy. Dürli dillerde habar beriş, sowadyş we ýyladyş ulgamlary bar. Uçara garaşylýan we ýolagçylary hasaba alyş zallary, internet-kafeler, poçta bölümleri, jemgyýetçilik telefonlary, awtoulaglar kärendesine berilýän we myhmanhanalarda deslapdan otag almak nokatlary, bankomatlar, el goşlary saklanylýan ýerler, kafeler we restoranlar hereket edýär.

Kaşaň binanyň ikinji gatynda uçarlara münülýän, üçünjisinde – olardan düşülýän ýerler bar. Dördünji gatda myhmanhana otaglary ýerleşdirilen. Otaglarda oturan ýolagçylar uçaryň uçuşyna we gonuşyna syn edip bilerler. Körpejeler üçin oýun meýdançalary göz öňünde tutulan. Adamlar täze binagärlik toplumynyň amatlyklary bilen tanşandan oňa Gündogaryň merjeni diýip ugradylar. Dogrudanam, şeýle ajaýyp desga seýrek duş gelýär.

Gurluşykçylar şeýle hem uzynlygy 3800 metr bolan uçuş-gonuş zolaklaryny we ICAO-nyň ikinji derejesine laýyk enjamlaşdyrylan hem-de ähli görnüşli uçarlaryň gonup-uçmagyny üpjün edýän perron gurdular.

Uçarlaryň täze öwrüm ediş ýodalary, howa gämileriniň duralgalary we perronlary, Howa hereketini dolandyryş diňleri, beýikligi 72 metr dispetçer diňi peýda boldy.

Aeroport toplumy jemi 1200 gektar meýdany tutýar.

Mundan başga-da, awiasiýa işgärlerini taýýarlamak üçin mekdep guruldy, bu ýerde birbada 600 adam hünär öwrenýär, şeýle hem ekipažrlar üçin türgenleşik toplumy, lukmançylyk we sport - dynç alyş merkezleri, awiasiýa muzeýi bar.

Aşgabadyň Halkara howa menziline Ýewropanyň awiasiýa howpsuzlygy agentliginiň (EASA) tabşyrygy bilen howa menzillerini we awiakompaniýalaryny barlaýan hem-de sertifikasiýalaşdyrýan Germaniýanyň Milli raýat awiasiýa müdirliginiň ýörite şahadatnamasy (RA3) berildi. Bu resminama Aşgabat halkara howa menziliniň ýük terminalynyň ýükleri we poçta daşamak üçin awiasiýa howpsuzlygy talaplaryna doly laýyk gelýändigini tassyklaýar.

Häzirki wagtda howa menzili “Türkmenhowaýollary” agentligine degişli uçarlardan başga-da, daşary ýurtlaryň ýolagçy we ýük daşaýan uçarlaryna hem hyzmat edýär.

Aşgabadyň täze Halkara howa menzili Dünýä rekordlar akademiýasynyň karary bilen iki gezek: guş (laçyn) görnüşindäki iň uly bina we iň uly ganatly simwolik laçyn şekili üçin dünýä rekordyna eýe boldy.

2016-njy ýylda esasy howa menziliniň bezegi bolan iň uly göl (705 inedördül metr) şekilleri üçin hem halkara howa menzili toplumy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Soňky habarlar
03.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
03.05
“Türkmenistan — BMG” strategik maslahat beriş geňeşiniň birinji mejlisi
03.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşurylar
02.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
02.05
Türkmenistanyň Prezidenti Polşa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
01.05
Türkmenistan ösüşleriň ýolunda bedew bady bilen öňe barýar
01.05
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Gahrymany Ç.Rustemowany gutlady
01.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Gahrymany Ç.Rustemowany gutlady
30.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
30.04
«Türkmenaragatnaşyk» agentligine Türkmenbaşy şäherinde Aragatnaşyk merkeziniň edara binasyny gurmak barada HJ «Baş bina» bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
top-arrow