Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar
Çap edildi 15.01.2023
1332

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Täze ýyl mynasybetli gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy kabul ediň!

Draupadi Murmu,

Hindistan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Maşgalam bilen bilelikde Size 2023-nji ýylda ähli gowulyklary tüýs ýürekden arzuw edýäris. Goý, bu ýyl bütin dünýä rowaçlyk hem-de abadançylyk, biziň ählimize şatlyk we agzybirlik eçilsin!

Miloş Zeman,

Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Sizi täze, 2023-nji ýyl bilen gutlaýaryn.

Milo Jukanowiç,

Çernogoriýanyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi we Siziň ýurduňyzyň ähli halkyny täze, 2023-nji ýyl bilen gutlaýaryn.

Häzirki zaman dünýäsi çalt depginler bilen üýtgeýär, diňe köpasyrlyk taryha we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanýan, häzirki günüň köp sanly wehimlerini ýeňip geçmek üçin bize güýç we ylham berýän dostluk üýtgemeýär. Ählumumy parahatçylygyň, durnuklylygyň we halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirjekdigimize bil baglaýaryn.

Täze ýylda Size, Siziň ýakynlaryňyza we ähli raýatlaryňyza berk jan saglyk, egsilmez güýç-kuwwat, rowaçlyk arzuw edýärin.

Rustam Minnihanow,

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Has durnukly we parahat dünýäni gurmak boýunça ählumumy tagallalarymyzyň durmuşa geçirilýän döwründe Siziň Alyhezretiňize we Türkmenistanyň halkyna bagtyýarlyk we mundan beýläk-de abadançylyk baradaky tüýs ýürekden arzuwlarymy beýan edýärin. Goý, täze ýylda Siziň ýurduňyz bilen BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň arasyndaky gatnaşyklar has-da pugtalansyn!

Size belent hormat goýmak bilen,

Suý Dunýuý,

BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Baş direktory.

Soňky habarlar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
23.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.10
“Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bellenildi
23.10
Awtomobil ýollary ministrligine “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
23.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, alabaý itleriniň janköýerlerine we ýurdumyzyň halkyna
23.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
23.10
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
23.10
Dünýä ähmiýetli milli gymmatlygyň şanyna
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
top-arrow