Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2022-nji ýyl Bilim we ylym ulgamy
Teswirlemeler
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2022-nji ýyl Bilim we ylym ulgamy
Çap edildi 18.01.2023
4554

2022-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan bilim we ylym ulgamy uly üstünliklere beslendi. Bu ulgam jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji bolmak bilen, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýär hem-de Diýarymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulyşmagynyň wajyp şerti bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz 2022-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Aşgabatda geçirilen Döwlet Maslahatyndaky maksatnamalaýyn çykyşynda: “Döwrümiziň ylmy-tehniki ösüşiniň gazananlaryna, täze tehnologiýalara, bilimlere we innowasiýalara daýanyp, ýurdumyzda ylmy, bilimi, medeniýeti ösdürmek babatda uly tejribe topladyk. Ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn nesli terbiýelemäge örän uly ähmiýet berýäris. Dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden ugur alyp, ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, ylym we döredijilik bilen meşgullanmagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredýäris. Bilim işini döwrebaplaşdyrýarys, milli maksatnamalary, konsepsiýalary üstünlikli durmuşa geçirýäris” diýip belledi. Türkmen ýaşlarynyň üstünlikleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne gadam basan ýurdumyzyň üstünlikleridir. Türkmenistanyň ýaş raýatlarynyň döwrebap bilim almaklary, geljekki hünärini saýlamaklary, öz ukyp-başarnyklaryndan doly peýdalanmaklary, durmuş meýilnamalaryny amala aşyrmaklary üçin ähli şertler döredilendir.

Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamagyň hakyky merkezi bolan ýokary bilimiň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu möhüm mesele döwletimiziň ol ýa-da beýleki hünärlere bolan zerurlyklary hasaba alnyp, oýlanyşykly çözülýär. Bu wezipeleri amala aşyrmak üçin Türkmenistanda ähli mümkinçilikler bar. Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine kabul edilýän talyplaryň sany ýyl-ýyldan artdyrylýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň geçen ýylyň 8-nji iýulynda geçirilen giňişleýin mejlisinde degişli Buýruga gol çekip, welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça 2022-nji ýylda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň Meýilnamasyny tassyklady. Ýokary okuw mekdeplerini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak hem-de olaryň maliýe-ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmak, bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de ýokary okuw mekdeplerini doly hojalyk hasaplaşyk usulyna tapgyrlaýyn geçirmek maksady bilen, tölegli esasda okamaga isleg bildirýänler üçin orunlar bölünip berilýär. Halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň ýokary derejeli işgärlere zerurlyklaryny hasaba almak bilen, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde hünär ugurlarynyň sany artdyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz hökümetara ylalaşyklara laýyklykda, ýaşlaryň daşary ýurt ýokary okuw mekdeplerine okuwa iberilmegine, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerini tölegli esasda tamamlan talyplara iki ýyllyk hökmany iş tejribesi bolmazdan diplom bermek baradaky teklipleriň taýýarlanylmagyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan kesgitlenen bilimiň hiliniň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini bilim görkezijileri boýunça dünýäniň abraýly okuw mekdepleriniň sanawyna girizmek boýunça degişli işler görkezildi. Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, elektron bilim maglumatlarynyň gaznasyny döretmek babatda netijeli çäreler geçirilýär, ýokary okuw mekdeplerini bir bitewi bilim toruna birikdirmek işleri amala aşyrylýar.

Milli bilim ulgamyna dünýä standartlarynyň ornaşdyrylmagy bilen baglylykda, ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy bilen ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy barha giňeldýär. Türkmenistanda BMG-niň beýleki ugurdaş düzümleri bilen hem bilelikdäki işler alnyp barylýar. Ýokary okuw mekdeplerinde guralýan köp sanly çäreler munuň mysalydyr. Şolaryň hatarynda BMG-niň ýurdumyzdaky edaralarynyň wekilleriniň hem-de halkara bilermenleriň gatnaşmagynda geçirilýän talyplaryň pikir alyşmalaryny, okuw sapaklaryny, ýörite sergileri, maslahatlary hem-de dünýä gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça “tegelek stol” görnüşinde guralýan duşuşyklary görkezmek bolar.

Döwletimiz tarapyndan alnyp barylýan “Açyk gapylar” syýasaty netijesinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri daşary ýurtly kärdeşleri bilen işjeň hyzmatdaşlygy giňeltmäge mümkinçilik alyp, öňdebaryjy dünýä tejribesi esasynda okuw maksatnamalaryny, meýilnamalaryny, okuw kitaplaryny we gollanmalaryny yzygiderli kämilleşdirýärler. Şunuň bilen birlikde, milli bilim ulgamyny ösdürmegiň ýetilen ýokary derejesi daşary ýurtly talyplar we mugallymlar üçin biziň ýurdumyzyň özüne çekijiligini artdyrýar, olar ýokary okuw mekdeplerimizde okamaga, işlemäge çagyrylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň çuňňur oýlanyşykly işlenip taýýarlanylan bilim syýasaty hem-de sagdyn, hemmetaraplaýyn ösen, giň dünýägaraýyşly, bilimli ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda durmuşa geçirilýän giň gerimli işler özüniň oňyn netijesini berýär. Milli we iri halkara ders bäsleşiklerine gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeleýän ýaşlaryň sany ýyl-ýyldan artýar, ynsanperwer hyzmatdaşlyk ösdürilýär, türkmen ýaşlary sportda we döredijilikde ýokary sepgitlere ýetýärler.

Türkmen talyplary Sankt-Peterburgyň Informasiýa tehnologiýalary, mehanika we optiki milli barlaglar uniwersiteti tarapyndan guralan Demirgazyk ýurtlaryň uniwersitetleriniň VIII matematika ders bäsleşiginde ýokary netijeleri görkezdiler. Bäsleşigiň jemleri boýunça kesgitlenen 31 ýeňijiniň 15-si biziň ýurdumyzyň talyplarydyr. Mundan başga-da, türkmen talyplarynyň 32-si ikinji we 16-sy üçünji orna mynasyp boldy. Biziň talyplarymyz Durnukly ösüş maksatlary boýunça her ýyl geçirilýän halkara talyplar bäsleşiginde mümkin bolan üç baýrakly ornuň ikisini eýelediler. Bu bäsleşige Türkmenistanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Owganystanyň ýokary okuw mekdeplerinden 500 talyp gatnaşdy we ol rus, iňlis dillerinde onlaýn görnüşde guraldy. Polşanyň Katowise şäherinde matematika dersi boýunça geçirilen halkara bäsleşikde türkmen talyplary şahsy we toparlaýyn hasapda 7 altyn, 7 kümüş hem-de 6 sany bürünç medala, halkara ynsanperwer hukugy boýunça Moskwa şäherinde guralan F.F.Martens adyndaky halkara bäsleşikde bolsa birinji orna mynasyp boldular.

Ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylary hem halkara internet bäsleşiklerine işjeň gatnaşyp, ýokary netijeleri görkezýärler. Hususan-da, Sankt-Peterburgyň Diplomdan soňky bilim akademiýasynyň fizika-matematika fakultetiniň kafedrasy tarapyndan “Nord Education” (Finlýandiýa) we “Meta şkola” kompaniýalary bilen bilelikde guralan internet bäsleşikleriniň jemlerine laýyklykda, Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna dürli derejeli diplomlaryň 38-si gowşuryldy. Şeýle hem biziň okuwçylarymyz geografiýa, informatika, fizika we biologiýa boýunça “Info-urok” taslama bäsleşiginde öňe saýlanyp, diplomlaryň 5-sine mynasyp boldular. Mundan başga-da olar “Intolimp” taslama internet bäsleşiginiň tapgyrynyň jemleri boýunça ýeňiş gazanyp, 25 diploma mynasyp boldular.

Türkmen talyplarynyň we mekdep okuwçylarynyň halkara bäsleşiklerde şeýle ynamly çykyş etmekleri hem-de köp sanly baýrakly orunlara mynasyp bolmaklary döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň ösüp gelýän ýaş nesil baradaky yzygiderli aladalarynyň, hemmetaraplaýyn bilimli, intellektual we ruhy taýdan ösen, watansöýüji ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek meselelerine hemişelik ünsüniň anyk netijeleridir. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda geçirilen VII gurultaýynda öňde goýlan wezipeler, şol sanda bilim serişdelerini ösdürmek boýunça bellenilen çäreler hem şu ugra gönükdirilendir.

Watanymyzyň dürli künjeginde iň häzirki zaman mekdebe çenli çagalar edaralary, orta mekdepler, başlangyç hünär okuw mekdepleri we ýokary okuw mekdepleri yzygiderli gurulýar. 1-nji sentýabrda paýtagtymyzda we welaýat merkezlerinde — Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Ýasmansalyk ýaşaýyş toplumynda 720 orunlyk umumybilim berýän orta mekdep, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Duşak şäherçesinde 600 orunlyk orta mekdep we 320 orunlyk çagalar bagy ulanmaga berildi. Ahal welaýatynyň Gökdepe şäherinde bina edilen çagalar bagy hem 320 çaga niýetlenendir. Balkan welaýatynyň Saganly obasynyň ýaşaýjylary Bilimler we talyp ýaşlar gününi 600 orunlyk täze orta mekdebi ulanmaga bermek dabarasy bilen utgaşdyrdylar. Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde we S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň Buýanly obasynda her biri 600 orunlyk iki sany umumybilim berýän orta mekdebiň açylmagy ýaşaýjylar üçin ýakymly baýramçylyk sowgady boldy. Daşoguz şäherinde gurlup ulanmaga berlen çagalar bagy 240 körpä niýetlenendir.

1-nji sentýabr Lebap welaýatynyň ýaşaýjylary üçin hem şanly wakalara beslendi. Has anygy, Saýat etrabynyň Guşçy obasynda 160 orunlyk çagalar bagy we etrabyň Gyzylgaýa obasynda 600 orunlyk orta mekdep dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň ýaşlary 500 orunlyk täze, döwrebap orta mekdepde okamaga mümkinçilik aldylar. Bu welaýatyň Sakarçäge etrabynyň Çöňür obasynda 320 orunlyk çagalar bagy körpeler üçin gapysyny giňden açdy. Bu desgalaryň gurluşygynyň ýurdumyzyň hususy kärhanalary tarapyndan amala aşyrylandygyny bellemek gerek. Olar öz üstüne ýüklenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirýärler.

Şunuň ýaly desgalaryň ýurdumyzyň hünärmenleri tarapyndan dostlukly ýurtlarda bina edilmegi hem buýsançly ýagdaýdyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow geçen ýylyň 9-njy dekabrynda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik missiýalarynyň hem-de konsullyk edaralarynyň we halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen Hökümetiň giňişleýin mejlisiniň barşynda Täjigistan Respublikasynda 540 orunlyk Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň binalar toplumyny gurmak hakynda Karara gol çekdi.

Okuw ýylynyň başynda bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününde birinji synp mekdep okuwçylaryna döwlet Baştutanymyzyň adyndan ajaýyp sowgadyň — programma üpjünçilikli “Bilimli” atly kompýuteriň gowşurylandygyny bellemek gerek. Ýurdumyzda mugallymlaryň ukyp-başarnyklaryny hem-de döredijilik mümkinçiliklerini açyp görkezmek, olaryň hünäriniň abraýyny ýokarlandyrmak, öňdebaryjy tejribelerini wagyz etmek maksady bilen, Bilim ministrligi tarapyndan “Ýylyň mugallymy” hem-de “Ýylyň terbiýeçisi” atly döwlet bäsleşikleri geçirilýär.

Milli ykdysadyýetimiziň pudaklary üçin ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamak boýunça öňde goýlan wezipeler himiýa, biologiýa we beýleki dersleriň çuňlaşdyrylyp öwrenilmegine gönükdirilen ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň döredilmegini şertlendirdi. Köpugurly halkara hyzmatdaşlygyň ösüş depginlerini hasaba almak bilen, mekdep okuwçylaryna daşary ýurt dillerini öwretmegiň usullary kämilleşdirilýär, olaryň sanawy giňeldilýär. Iňlis, fransuz, nemes, ýapon, koreý dillerini çuňlaşdyryp öwretmek boýunça okuw mekdepleri üstünlikli hereket edýär. Bularyň ählisi bilimiň hemmelere elýeterliligini üpjün etmek, ýurdumyzyň her bir raýatynyň öz ukyp-başarnygyny, zehinini doly derejede açyp görkezmegi üçin aňrybaş amatly şertleriň döredilmeginiň bu ulgamda amala aşyrylýan özgertmeleriň baş maksady bolup durýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Mugallymlaryň hünär derejesi ýokarlandyrylýar, olar iň täze bilim usulyýetlerini hem-de maglumat tehnologiýalaryny üstünlikli özleşdirýärler, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň daşary ýurtlaryň bilim merkezleri bilen gatnaşyklary giňeldilýär. Türkmenistan Ýewropanyň, Aziýanyň, Amerika yklymynyň ykrar edilen ylym we bilim merkezleri bilen ýakyn gatnaşyklary ýola goýmak arkaly bu döwletlerde bilim alýan talyplaryň sanyny artdyrmagy gazandy. Halkara ylmy barlaglara gatnaşmagynyň gerimini giňeltdi, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda alyşmalary hem-de akademiki maglumat torlarynyň ösdürilmegini işjeňleşdirdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 10-njy iýunynda Russiýa Federasiýasyna amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde birnäçe resminamalara gol çekildi. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen “Astrahan döwlet uniwersiteti” ýokary bilimiň federal döwlet býujet bilim edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkezi bilen “Şalyçylyk federal ylmy merkezi” federal Döwlet býujet ylmy edarasynyň arasynda ylmy hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Daşky gurşawy goramak gullugynyň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli instituty bilen A.N.Kostýakow adyndaky Bütinrussiýa gidrotehnika we meliorasiýa ylmy-barlag institutynyň arasynda ylmy-barlag hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşyk bilim we ylym ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 15-nji iýunda Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde dürli ugurlar boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2022 — 2025-nji ýyllarda ylmy, medeni, döredijilik we bilim taýdan alyşmagyň Maksatnamasy; Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Arhiwler we milli kitaphana guramasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar. Hormatly Prezidentimiziň 2022-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Gazagystan Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde gol çekilen Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Gazagystanyň Abylaý han adyndaky Halkara gatnaşyklar we dünýä dilleri uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda baglaşylan Şertnama ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň kadalaşdyryjy hukuk binýadynyň üstüni ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň şol ýylyň 21-nji noýabrynda Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde gol çekilen resminamalaryň hatarynda Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Bilim ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar. Türkmenistanyň hem-de Hindistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda, aýratyn-da, degişli maksatnamalaryň teklip edýän talyp haklary ugurlary boýunça göni gatnaşyklaryň ösdürilmegi bilim ulgamynda üstünlikli pugtalandyrylýan hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr.

Ylym ulgamyna döwlet tarapyndan goldaw bermek, geljegi uly ylmy barlaglary, tejribe synaglaryny we tehnologik işläp taýýarlamalary maliýeleşdirmek ugurlary ýyl-ýyldan giňeýär. Ylmy barlaglaryň gerimini giňeltmek, ylmy işleri ösdürmek, ylmy-barlag işlerini toplumlaýyn esasda geçirmek we onuň netijelerini önümçilige ornaşdyrmak üçin ähli zerur şertler döredilýär. Ylmy edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär. Olaryň işine täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ornaşdyrylýar. Ählumumy internet ulgamy we elektron kitaphanalar arkaly dünýäniň maglumat giňişligine aralaşmak işleri ýola goýulýar. Ýurdumyzyň ylmyny ösüşiň täze derejesine çykarmak, ylmy barlaglaryň we tehniki işläp taýýarlamalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, olary jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň möhüm meseleleriniň çözgüdine gönükdirmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň alymlarynyň we tutuş jemgyýetiň öňünde goýýan möhüm wezipeleridir.

Her ýylyň 12-nji iýunynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahatyň geçirilmegi, oňa ýurdumyzyň alymlarynyň we dünýäniň 20 döwletinden ylmy toparlaryň wekilleriniň gatnaşmagy bu ugurdaky ähmiýetli wakalaryň birine öwrüldi. Forumyň gün tertibine ylmy barlaglaryň wajyp ugurlary, täze tehnologiýalary ulanmak boýunça özara gatnaşyklaryň meseleleri girizildi. Şeýle hem farmasewtika, mineral serişdeleri gaýtadan işlemek ýaly ugurlardaky ylmy barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini we durmuş ulgamyny ösdürmegiň wajyp ugry hökmünde sanlylaşdyrmak meselelerine möhüm üns berildi.

Daşary ýurtly alymlar ýurdumyzda döwrebap ylmy düzümiň bardygyny, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň goldawy we üns bermegi netijesinde täzeçil işlemek üçin zerur mümkinçilikleriň döredilendigini nazara alyp, türkmen kärdeşleri bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmäge taýýardyklaryny nygtadylar. Foruma gatnaşyjylar Ylymlar güni mynasybetli geçirilýän we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde guraýan ýaş alymlaryň arasyndaky ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyna gatnaşmaga mümkinçilik aldylar.

Hormatly Prezidentimiz bäsleşigiň ýeňijilerine iberen Gutlagynda ylymly ýaşlaryň döwletimiziň kuwwatly güýjüdigini, halkymyzyň belent maksatlara ýugrulan nurana geljegidigini, türkmen halkynyň döwletlilik ýol-ýörelgesiniň mizemez mertebesidigini we baky dowamatydygyny nygtady. Hut şonuň üçin hem täzeçil pikirlenip bilýän, giň dünýägaraýyşly we ýokary hünär başarnygy bolan ýaş hünärmenleri taýýarlamak täze taryhy döwürde ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň öňünde durýan wajyp wezipelerdir.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýaşlary geljegi uly ugurlardaky ylmy gözleglere giňden çekmek meselesine yzygiderli üns bermegi netijesinde bu abraýly ylmy bäsleşige gatnaşýanlaryň sany ýyl-ýyldan artýar. Şeýlelikde, 2022-nji ýylda bu bäsleşige ýaşlaryň 1140-sy gatnaşdy. Şol sanda 730 talyp we 410 ýaş alym bäsleşikde ylmyň we tehnologiýanyň alty wajyp ugry boýunça özleriniň işläp taýýarlamalaryny, amaly işlerini we ylmy barlaglaryny görkezdiler. Bäsleşigiň emin agzalary hödürlenen işleri seljerip, 34 talybyň, ýaş alymlaryň 38-siniň işlerini ýeňiji diýip yglan etdi. Şunda hödürlenen taslamalaryň ähmiýeti, ylmy tarapdan täzeçilligi, ol taslamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmek we önümçilige ornaşdyrmak nukdaýnazaryndan zerurlygy göz öňünde tutuldy.

Ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynda, ýokary okuw mekdeplerinde, şeýle hem Ylymlar akademiýasynyň ýanyndaky Ýaş alymlar merkezinde we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşinde geçirilýän ylmy barlaglar ýaş alymlara we talyplara öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Olaryň ylmy açyşlary, senagat-innowasion tejribeleri, ylmy-inženerçilik garaýyşlary, maglumat-tehnologik barlaglary döwletimiziň kuwwatyny berkitmekde, aýratyn-da, ykdysadyýetimizde sanly düzümleri ösdürmekde ähmiýetlidir. Ýangyç-energetika toplumynyň ösüşine, energiýa serişdeleriniň ykdysady meseleleriniň çözgüdine gönükdirilen işler netijeli alnyp barylýar. Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini öwrenmek arkaly alymlar elektrik energiýasynyň önümçiligini, uglewodorod serişdelerini gözlemek, çykarmak, onuň ýataklaryny işläp taýýarlamak boýunça täze önümçilik tehnologiýasyny döredýärler, ýangyjy elektrik we ýylylyk energiýasyna öwürmek boýunça barlaglary alyp barýarlar.

Mundan başga-da, ylmy işgärler oba hojalygy, lukmançylyk, derman we azyk senagaty, molekulýar biologiýa, genetika, bioinženeriýa, biomedisina ýaly ugurlarda ylmy barlaglary geçirýärler. Şol bir wagtyň özünde ösümlik we haýwanat dünýäsiniň genetiki gaznasyny döretmek, ekologik meseleleri öwrenmek, milli emeli hemranyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak, ulag-logistik merkezleri döretmek, ylmy taýdan esaslandyrylan, syýasy we ykdysady ähmiýeti bolan halkara üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek meselelerine zerur üns berilýär. Maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary milli ylmyň täze ugurlarynyň biri hasaplanýar. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda ykdysadyýeti, durmuş ulgamyny we ynsanperwer ugurlary sanlylaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Häzirki zaman kompýuter ulgamy, aragatnaşyk serişdeleri, elektron resminama dolanyşygy toplumlaýyn esasda ornaşdyrylýar.

Ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynda köp sanly işläp taýýarlamalar amala aşyrylýar. Munuň özi gurak zolakda ekerançylygy, maldarçylygy, balykçylygy ösdürmek üçin möhüm esas bolup durýan ekologik kartany döretmek arkaly “Altyn Asyr” Türkmen kölüniň kollektor-drenaž suw ulgamyny gidrohimiki taýdan öwrenmekden ybaratdyr. Türkmenistanda Hazar deňziniň gurşawyny we biologik dürlüligini goramak, onuň tektonik- seýsmiki işjeňligini öwrenmek boýunça ylmy barlaglar geçirilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň günbatar welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, onuň uglewodorod we beýleki serişdelerini özleşdirmegiň, sebitiň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini amala aşyrmagyň, bu ýerde iri himiýa senagatyny, nebiti we gazy gaýtadan işleýän kärhanalary, şeýle hem «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda şypahana-sagaldyş desgalaryny gurmagyň meýilnamalaryny nazara alanyňda, ylmy-tejribe taýdan ähmiýetlidir.

Ýurdumyzyň alymlarynyň patent alnan ylmy barlaglarynyň, ylmy oýlap tapyşlarynyň we rasionalizatorçylyk teklipleriniň köpdügini bellemek gerek. Ýerli çig mal serişdeleri esasynda taýýarlanýan gurluşyk materiallaryň düzümi, welaýatlaryň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan orta we inçe süýümli gowaçanyň täze görnüşlerini döretmek boýunça işläp taýýarlamalar, başga-da birnäçe serişdeler dürli ugurlardaky tejribede giňden ulanylýar. Türkmenistanyň taryhyny we medeniýetini, şol sanda dil bilimini, etnografiýany, arheologiýany, halkymyzyň baý ruhy mirasyny, ýurdumyzyň ajaýyp tebigy künjeklerini gorap saklamak we öwrenmek boýunça ägirt hem uly işler alnyp barylýar.

Ylym we bilim islendik döwletiň we jemgyýetiň ösüşiniň, şol sanda Watanymyzyň ykdysady, ylym-bilim mümkinçiliklerini meýilnamalaýyn esasda berkitmegiň möhüm şerti bolup durýar. 2022-nji ýylyň 19-njy martynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iň ýokary döwlet wezipesine girişmek dabarasynda eden çykyşynda milli bilim ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, ýokary hünärli, maksada okgunly, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalaryň ediljekdigini aýratyn nygtady. Watanymyzyň ykbaly, häzirki we geljek nesilleriň bagtyýarlygy ugrunda giňden tagallalar edýän döwlet Baştutanymyzyň häzirki döwürde öňe sürýän başlangyçlary milletiň ylym-bilim mümkinçiliklerini has doly amala aşyrmak üçin zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilýär. Munuň özi ýaşlaryň ylmy-tehniki ýörelgeleriň okgunly ösüşine, adam mümkinçilikleriniň derejesine işjeň goşulyşmagynda aýratyn ähmiýetlidir.

Soňky habarlar
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara we Aziýanyň tennis federasiýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşyna gatnaşdy
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşy mynasybetli çykyşy
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygy
27.03
Türkmenistanda Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
27.03
Daşoguzly ekerançylar gowaça ekişine girişdiler
27.03
Gadymy Änew medeniýeti — adamzadyň gymmatly mirasy
top-arrow