Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hat
Syýasy habarlar
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hat
Çap edildi 27.01.2023
1617

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

27-nji ýanwarda täjik-türkmen diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýlanyna 30 ýyl doldy. Iki ýurduň özara gatnaşyklarynyň täze taryhynda möhüm ähmiýeti bolan bu şanly sene mynasybetli Size hem-de Türkmenistanyň dostlukly halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Täjigistanyň we Türkmenistanyň halklarynyň arasyndaky dost-doganlyk hem-de netijeli hyzmatdaşlyk däpleri köpasyrlyk taryha eýedir. Iki ýurduň köptaraply döwletara gatnaşyklarynyň pugta binýada eýedigi we onuň özara bähbitleriň dürli ugurlaryny öz içine alýandygy, häzirki wagtda strategik hyzmatdaşlygyň täze derejä çykandygy kanagatlanma döredýär.

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, taraplaryň ýokary derejede geçirilýän yzygiderli duşuşyklarynyň hyzmatdaşlygyň öňe ilerledilmegindäki ähmiýetini bellemek isleýärin. Biz bu ugurdaky bilelikdäki tagallalarymyzy mundan beýläk-de dowam etdireris. Öňde boljak duşuşyklarymyzyň dostluk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da berkitjekdigine, giňeltjekdigine, onuň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň abadançylygynyň bähbidine täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynanýaryn.

Size berk jan saglyk, alyp barýan döwlet işiňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Emomali Rahmon,

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti.

Soňky habarlar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
23.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.10
“Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bellenildi
23.10
Awtomobil ýollary ministrligine “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
23.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, alabaý itleriniň janköýerlerine we ýurdumyzyň halkyna
23.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
23.10
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
23.10
Dünýä ähmiýetli milli gymmatlygyň şanyna
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
top-arrow