Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar
Çap edildi 30.01.2023
1205

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy,
türkmen halkynyň Milli Lideri
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň adyndan we hut öz adymdan Sizi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilmegiňiz hem-de Siziň türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanuny taýdan ykrar edilmegiňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna goşan uly şahsy goşandygyňyzy aýratyn bellemek isleýärin. Ýurtlarymyzyň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk depginli ösdürilýär, ugurlaryň giň gerimi boýunça bilelikdäki taslamalary ilerletmek üçin amatly şertler döredilýär.

Ýakynda Aşgabatda Siziň bilen geçiren duşuşygymyzy ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn. Rus wekiliýetine türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygymy beýan edýärin. Gepleşikleriň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň Russiýanyň we Türkmenistanyň netijeli hyzmatdaşlygyna täze itergi berjekdigine pugta ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, rowaçlyk, jogapkärli döwlet işiňizde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edýärin.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Mihail MIŞUSTIN,
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy.

***

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy,
türkmen halkynyň Milli Lideri
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilmegiňiz, şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanuny taýdan ykrar edilmegiňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Türkmenistanyň taryhynda, onuň garaşsyz hem-de ösen döwlete öwrülmeginde Size aýratyn möhüm orun degişlidir. Siz baý tejribe toplan parasatly syýasatçy, öňdengörüji döwlet işgäri hökmünde halkyňyzyň tüýs ýürekden belent sarpa goýmagyna we ykraryna eýe bolduňyz. Siz “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary durmuşa geçirmegi üstünlikli dowam etdirýärsiňiz, ösüşiň, durnuklylygy saklamagyň, demokratik ýörelgeleri pugtalandyrmagyň, jemgyýetiň jebisliginiň bähbidine ýadawsyz zähmet çekýärsiňiz. Ýurduňyzyň Konstitusiýasyna girizilen üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň güýje girmegi Türkmenistanyň geljekki ösüş ýoluny kesgitländigine, Siziň halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasyna — Türkmenistanyň Halk Maslahatyna ýolbaşçylyk etmegiňiziň bolsa giň halk köpçüliginiň ýurt üçin örän möhüm jemgyýetçilik-syýasy çözgütleri kabul etmäge gatnaşmagy üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynanýaryn.

Biziň aramyzdaky hoşniýetli şahsy gatnaşyklarymyza guwanýaryn, bu gatnaşyklar hemişe açyklygy, ýürekdeşligi bilen tapawutlanýar.

Size berk jan saglyk, dostlukly Türkmenistanyň halkynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli işiňizde gujur-gaýrat we uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Walentina MATWIÝENKO,
Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy.

Soňky habarlar
04.08
Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek
03.08
Uzak möhletleýin halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak — Türkmenistanyň oňyn başlangyçlarynyň maksady
03.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million 755 müň dollaryndan gowrak boldy
01.08
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrine gynanç bildirdi
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidentini gutlady
31.07
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyndaky ÇYKYŞY
31.07
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy
31.07
Döwletiň we jemgyýetiň demokratik esaslaryny pugtalandyrmak ugrunda
top-arrow