Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Pudagara toparyň mejlisi
Syýasy habarlar
Pudagara toparyň mejlisi
Çap edildi 03.02.2023
840

Şu gün Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň Mejlisiniň, birnäçe ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Pudagara toparyň 2022-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri hem-de “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilen şu ýyl üçin öňde goýlan wezipeler mejlisiň gün tertibine girizilen esasy meseleler boldy. Mejlise gatnaşyjylar döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň adam hukuklaryny üpjün etmek, halkara ynsanperwer hukugynyň kadalaryny berjaý etmek babatda işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça öňde durýan wezipeleriň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň kanun çykaryjylyk ulgamynyň milli tejribeden we däplerden ugur alnyp, şeýle-de halkara tejribäni nazara almak esasynda yzygiderli ösdürilýändigi bellenildi. Bu ugurdaky işler konstitusion kadalary häzirki döwrüň ýagdaýlaryna laýyk getirmek zerurlygy bilen baglylykda amala aşyrylýar.

Hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijelerini ara alyp maslahatlaşmagyň dowamynda çykyş edenler raýatlaryň kanuny bähbitlerini halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda goramagyň Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny bellediler. “Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň”, “Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň”, “Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018 — 2022-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň”, “Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýanyň”, şeýle hem BMG-niň düzümleri we beýleki halkara guramalar bilen bilelikde amala aşyrylýan beýleki maksatnamalardyr taslamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Geçen ýyl bu düzümler bilen bilelikde oňyn işler alnyp baryldy, anyk netijeler gazanyldy.

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda” adam hukuklaryny üpjün etmegiň we raýat jemgyýetini ösdürmegiň wajyp şerti hökmünde adam maýasynyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň esasy ugurlary kesgitlenildi. Döwlet edaralarynyň bu babatda geçirýän işleriniň kämilleşdirilmegi, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna, durmuş ulgamyna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, täze iş orunlarynyň döredilmegi, kiçi we orta telekeçiligiň höweslendirilmegi, hususy pudakda iş bilen üpjünçiligiň giňeldilmegi ilatyň intellektual kuwwatyny amala aşyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýar. “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesiniň wagyz edilmegine, olaryň watançylyk, zähmetsöýerlik, ýokary ahlaklylyk, raýat jogapkärçiligi ruhunda terbiýelenmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Pudagara topar milli kanunçylyk binýadyny halkara hukugyň kadalary bilen utgaşdyrmak boýunça teklipleri taýýarlaýar. Şunuň bilen baglylykda, hasabat döwründe geçirilen çäreleriň toplumy hukuk ulgamyny kämilleşdirmek hem-de Türkmenistanyň adam hukuklary we azatlyklary babatda halkara borçnamalaryny iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça ileri tutulýan wezipeleriň çözülmegine gönükdirildi. Şeýle hem toparyň esasy wezipeleriniň hatarynda Milli hasabatlary taýýarlamak we olary Birleşen Milletler Guramasynyň komitetlerine ibermek ýaly işler bar. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, hasabat döwründe birnäçe konwensiýalary ýerine ýetirmek hem-de Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak boýunça Milli hasabatlar üçin teklipler taýýarlanyldy. Şunda Türkmenistanyň adam hukuklary we ynsanperwer hukugy babatda gazanan üstünliklerine üns berildi.

Pikir alyşmalaryň çäklerinde pudagara toparyň ileri tutulýan wezipelere laýyklykda, ilatyň hukuk bilim derejesini ýokarlandyrmak, hukuk maglumatlaryna elýeterliligi giňeltmek meselelerine uly üns berendigi nygtaldy. Toparyň iş meýilnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça çäreleri ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde bellenilişi ýaly, adam hukuklaryny goramak babatda iň gowy dünýä tejribesini öwrenmek maksady bilen, halkara bilermenleriň gatnaşmagynda maslahatlary, iş duşuşyklaryny, geňeşmeleri geçirmek göz öňünde tutulýar.

Pudagara toparyň mejlisinde birnäçe beýleki meselelere-de garaldy.

Soňky habarlar
04.08
Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek
03.08
Uzak möhletleýin halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak — Türkmenistanyň oňyn başlangyçlarynyň maksady
03.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million 755 müň dollaryndan gowrak boldy
01.08
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrine gynanç bildirdi
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidentini gutlady
31.07
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyndaky ÇYKYŞY
31.07
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy
31.07
Döwletiň we jemgyýetiň demokratik esaslaryny pugtalandyrmak ugrunda
top-arrow