Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistan Türkiýäniň doganlyk halkyna ynsanperwerlik kömegini iberdi
Syýasy habarlar
Türkmenistan Türkiýäniň doganlyk halkyna ynsanperwerlik kömegini iberdi
Çap edildi 07.02.2023
2164

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy bilen, Türkiýe Respublikasynda bolan güýçli ýertitremäniň netijesinde ejir çeken dostlukly döwletiň doganlyk halkyna ynsanperwerlik kömegi ugradyldy. Ynsanperwerlik ýüki derman hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdelerden we dokma önümlerinden ybaratdyr. Şeýle-de Türkiýä lukmanlar ugradyldy. Olar ejir çekenlere kömek berýän kärdeşlerine zerur bolan ýardamy bererler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary bilen başy başlanan we häzirki döwürde döwlet Baştutanymyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistanyň döredijilikli daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri goňşy we doganlyk ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakdan ybaratdyr. Şunda ynsanperwer häsiýetli gatnaşyklara aýratyn orun berilýär.

Doganlyk halklar bilen dostlukly gatnaşyklary saklamak we ösdürmek ýaly asylly däpler, zerur bolanda kömek goluny uzatmak türkmen halkynyň durmuşynda asyrlardan bäri dowam edip, nesilden-nesle geçip gelýär. Türkiýede bolup geçen tebigy heläkçilik köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine, uly möçberli weýrançylyklara getirdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Gahryman Arkadagymyz doganlyk ýurduň Baştutanyna gynanç hatyny iberdiler. Hatlarda şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna, ýakynlaryna ýürekden gynanç we medet beriji sözler, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dilegler beýan edildi.

Biziň ýurdumyz halkymyzyň özboluşly milliligine mahsus bolan ynsanperwerlik we hoşniýetlilik ýörelgelerinden ugur alyp, tebigy betbagtçylyk baradaky habara dessin seslenip, taryhy kökleriň, medeni we ruhy gymmatlyklaryň köpasyrlyk umumylygy birleşdirýän doganlyk halk üçin ynsanperwerlik kömegini ugratdy. Tebigy hadysa zerarly dörän weýrançylygyň dikeldilýän günlerinde berilýän goldaw hem-de şeýle çözgüdiň kabul edilmegi Türkmenistanyň parahatçylyk we ynsanperwerlik maksatlaryna ygrarlydygynyň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr.

Soňky habarlar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
23.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.10
“Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bellenildi
23.10
Awtomobil ýollary ministrligine “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
23.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, alabaý itleriniň janköýerlerine we ýurdumyzyň halkyna
23.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
23.10
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
23.10
Dünýä ähmiýetli milli gymmatlygyň şanyna
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
top-arrow