Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar
Çap edildi 08.02.2023
1266

Onuň Alyhezreti,

türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Başlyk!

Türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanuny taýdan ykrar edilmegiňiz hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilmegiňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Siziň tagallalaryňyz netijesinde Türkmenistanyň durnukly ösüş we abadançylyk ýoly bilen ilerlemegini dowam etdirjekdigine berk ynanýaryn. Şeýle hem Koreýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostluk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine umyt edýärin. Geçen ýylyň noýabrynda Siziň Koreýa Respublikasyna amala aşyran resmi saparyňyzyň netijeleri boýunça bu gatnaşyklar has-da pugtalandyryldy.

Siziň bilen Aşgabatda duşuşmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn, şeýle-de Size we Türkmenistanyň ähli halkyna parahatçylyk, abadançylyk arzuw edýärin.

Kim Jin-Pýo,

Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy.

***

Onuň Alyhezreti,

türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanuny taýdan ykrar edilmegiňiz we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilmegiňiz mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Munuň özi Siziň Türkmenistanyň hemmetaraplaýyn ösüşiniň we doganlyk halkyň abadançylygynyň bähbidine bitiren bimöçber hyzmatyňyza berlen ýokary bahadyr.

Umumy ruhy gymmatlyklary, dini-medeni kökleri bolan halklarymyzyň erk-islegine esaslanýan azerbaýjan-türkmen gatnaşyklarynyň strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýe bolmagy uly kanagatlanma döredýär. Aýratyn-da, soňky ýyllarda ýurtlarymyzyň arasyndaky dürli ulgamlary öz içine alýan özara bähbitli hyzmatdaşlyk durnukly ösdürilýär hem-de pugtalandyrylýar. Azerbaýjan-türkmen dostluk gatnaşyklarynyň, netijeli hyzmatdaşlygyň halklarymyzyň bähbidine laýyklykda yzygiderli pugtalandyryljakdygyna we giňeldiljekdigine ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli işiňizde üstünlikleri arzuw edýärin.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Sahiba Gafarowa,

Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy.

***

Onuň Alyhezreti,

türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanuny taýdan ykrar edilmegiňiz we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilmegiňiz mynasybetli Sizi tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bularyň hemmesi, şeýle hem ýurduňyzyň jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlarynda gazanylýan uly üstünlikler, halkyňyzyň ýokary ýaşaýyş-durmuş derejesi türkmen halkynyň Size uly ynam bildirýändigini ýene-de bir gezek tassyklaýar.

Siziň Alyhezretiňizi ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn we Size hem-de Siziň maşgalaňyza berk jan saglyk, rowaçlyk, jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň bähbidine öňde goýan maksatlaryňyza ýetmegiňizi arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Mark fon Pents,

“John Deere” kompaniýasynyň bölüm başlygy.

Soňky habarlar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
23.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.10
“Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bellenildi
23.10
Awtomobil ýollary ministrligine “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
23.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, alabaý itleriniň janköýerlerine we ýurdumyzyň halkyna
23.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
23.10
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
23.10
Dünýä ähmiýetli milli gymmatlygyň şanyna
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
top-arrow