Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Çap edildi 13.02.2023
1423

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere seredildi.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda we Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan işleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilýär, şu ýyl gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamak işleri dowam edýär, pagtaçy kärendeçileri ýokary hilli tohum bilen üpjün etmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary we gurallar gözden geçirilýär, ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerleri taýýarlanylýar.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz şu ýylyň pagta hasyly üçin welaýatyň gowaça ekiljek ýerlerini sürmek we tekizlemek, ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini taýýarlamak işleriniň depgininiň ýokarlandyrylmagy, bugdaýa ideg etmegiň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň gözegçilikde saklanylmagy babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda gurulmagy göz öňünde tutulan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky we binalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi babatda häkime degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew welaýatyň oba hojalyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bugdaýa ideg etmek işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilýär, şu ýylyň pagta hasyly üçin gowaça ekiljek ýerlerde tekizleýiş işleri dowam edýär, ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak tehnikalary möwsüme doly taýýar etmek boýunça zerur işler geçirilýär. Ýazlyk ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini taýýarlamak, welaýatyň pagtaçy kärendeçilerini ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasynda we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, häkim Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň 2022-nji ýylyň jemleri boýunça iň ýokary netijeleri gazanyp, Türkmenistan boýunça ýeňiji etrap diýlip yglan edilmegi mynasybetli guraljak dabara barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişine jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny belledi we bugdaýa ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz gowaça ekiljek ýerlerde tekizleýiş işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmegi, pagta öndürijileriň ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün edilmegi, ýazky ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini möwsüme taýýarlamagyň depginleriniň güýçlendirilmegi babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda hem-de Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşyny gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň 2022-nji ýylyň jemleri boýunça iň ýokary netijeleri gazanyp, Türkmenistan boýunça ýeňiji etrap diýlip yglan edilmegi mynasybetli etrabyň ähli ýaşaýjylaryny ýene-de bir gezek gutlady hem-de şu mynasybetli geçiriljek dabaraly çäräniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi häkime tabşyrdy.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň ekin meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri baradaky hasabaty bilen dowam etdi.

Bellenilişi ýaly, oba hojalyk işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilýär. Hususan-da, welaýatyň gowaça ekiljek meýdanlarynda sürüm we tekizleýiş işleri guramaçylykly dowam edýär, pagtaçy daýhanlary ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen birlikde, ýazky ekiş möwsümi üçin oba hojalyk tehnikalary we gurallary gözden geçirilýär, ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk görmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.

Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna laýyklykda, welaýatda gurulmagy meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygynyň milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biridigini belledi we şu günler dowam edýän oba hojalyk işleriniň, hususan-da, gowaça ekiljek ýerleri sürmek we tekizlemek, pagtaçy daýhanlary ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän, ýokary hasyl berýän gowaça tohumy bilen üpjün etmek, ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Bulardan başga-da, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda gurulmagy meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew şu günler welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda welaýatyň ak ekin meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilýär, 2023-nji ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerlerde sürüm we tekizleýiş işleri ýerine ýetirilýär. Pagtaçy kärendeçileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär.

Öňümizdäki oba hojalyk möwsüminde ulanyljak tehnikalary we gurallary abatlamak, ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk görmek boýunça degişli işler guramaçylykly alnyp barylýar. Şeýle hem häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda gurulmagy meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän oba hojalyk işleriniň talabalaýyk geçirilmeginiň bol we bereketli hasylyň binýadydygyny belledi hem-de gowaça ekiljek ýerleri möwsüme çenli doly taýýar etmek, pagtaçy daýhanlary ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek, ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny möwsüme çenli taýýarlamak babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Şeýle-de döwlet Baştutanymyz bugdaý meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň, ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine talabalaýyk taýýarlyk görmegiň, bu işleriň depginlerini güýçlendirmegiň möhümdigini belledi we şunuň bilen baglylykda, häkime degişli görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň kabul edilen maksatnamalaryna laýyklykda, welaýatda meýilleşdirilen gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň gözegçilikde saklanylmagy babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew şu günler welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna we Oba milli maksatnamasyna laýyklykda meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamak işleri, hususan-da, sürüm we tekizleýiş işleri dowam edýär, ýazky oba hojalyk möwsüminde ulanyljak tehnikalar we gurallar gözden geçirilýär, pagtaçy kärendeçileri ekiş möwsümine çenli ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek boýunça ähli zerur işler alnyp barylýar. Şeýle hem häkim welaýatyň ak ekin meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilýändigi, ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine ykjam taýýarlyk görülýändigi barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi we şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerlerde sürüm, tekizleýiş işleriniň depginini güýçlendirmek, ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak tehnikalary we gurallary taýýarlamak, pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň, ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk görmegiň depginlerini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belläp, häkime degişli görkezmeleri berdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň kabul edilen maksatnamalaryna laýyklykda meýilleşdirilen işleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi we bu işleri gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda gowaçanyň ýokary hasylyny öndürmek maksady bilen, welaýatlarda gowaça ekiljek ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak işleri, hususan-da, sürüm we tekizleýiş işleri geçirilýär. Şeýle-de pagtaçy daýhanlary ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek üçin pagta arassalaýjy kärhanalarda degişli işler alnyp barylýar.

Öňümizdäki oba hojalyk möwsüminde ulanyljak tehnikalary we gurallary abatlap, olary doly taýýar edip goýmak, şu ýylda ýurdumyzyň welaýatlarynda ekilmegi meýilleşdirilýän ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini taýýarlamak boýunça zerur işler geçirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda dowam etdirilýär, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri geçirilýär.

Şeýle hem wise-premýer ýurdumyzda suw üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen degişli işleriň geçirilýändigini habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmekdäki möhüm ornuna ünsi çekdi hem-de şu günler dowam edýän oba hojalyk işleriniň, hususan-da, bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmeginiň zerurdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz gowaça ekiljek meýdanlaryň hem-de ekilmegi meýilleşdirilýän ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerleriniň möwsüme doly taýýar edilmegini, daýhanlaryň ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän, ýokary hasyl berýän gowaça we gök-bakja ekinleriniň tohumlary bilen üpjün edilmegini gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryna hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegini talabalaýyk guramak babatda degişli tabşyryklary berdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz welaýatlaryň häkimlerine ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegini, ilatly ýerleriň elektrik energiýasy, suw we tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün edilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň hem-de mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
24.04
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi geçirildi
23.04
Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilýän halkara göçme foruma gatnaşyjylara
23.04
Türkmenistan netijeli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldýär
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
22.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 35 million 703 müň dollaryndan gowrak boldy
21.04
Hokkeý boýunça halkara ýaryşda ýeňiji bolan «Galkan» hokkeý toparynyň türgenlerine we tälimçilerine
21.04
Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
21.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary
21.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
21.04
“Galkan” hokkeý toparynyň türgenleriniň we tälimçileriniň hormatyna dabara
top-arrow