Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Kuba Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Türkmenistanda işe başlady
Syýasy habarlar
Kuba Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Türkmenistanda işe başlady
Çap edildi 15.02.2023
1060

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Kuba Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Karlos Enrike Waldes de la Konsepsýondan ynanç hatyny kabul etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň adyndan milli parlamentiň ýolbaşçysy ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasynda dostlugy we netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Diplomat türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa, ähli türkmen halkyna mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardygyny aýtdy.

Doly ygtyýarly wekiliň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň ählumumy howpsuzlygy, durnuklylygy we mundan beýläk-de durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça parahatçylyk döredijilikli başlangyçlary halkara syýasy giňişlikde, şol sanda Kuba Respublikasynda uly hormata eýedir. Şunuň bilen baglylykda, ilçi möhüm wezipeleri çözmekde uly üstünlikleri gazanan Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegi hormat hasaplaýandygyny nygtady.

Söhbetdeşligiň barşynda diplomata Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary barada gürrüň berildi. Giň halkara hyzmatdaşlygy, şol sanda Kuba Respublikasy bilen gatnaşyklary ösdürmek şol syýasatyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Şeýle hem doly ygtyýarly wekil milli parlamentiň düzümi we amala aşyrylýan iri möçberli özgertmeler bilen baglylykda, kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, parlamentara derejede gatnaşyklaryň giňeldilmegi babatda parlament dostluk toparyny döretmegiň maksadalaýyk boljakdygy aýdyldy. Şeýle hem BMG-niň düzümleýin bölümleriniň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajypdygy nygtaldy.

Diplomat söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda, şol sanda ylym, bilim, sport hem-de syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge öz ýurdunyň örän uly gyzyklanma bildirýändigini belläp, ikitaraplaýyn gatnaşyklary üstünlikli ilerletmek üçin tagallalaryny gaýgyrmajakdygyny nygtady.

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Jenap Karlos Enrike Waldes de la Konsepsýony Kuba Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek baradaky çözgüdimi Size habar bermek meniň üçin uly hormatdyr. Onuň şahsy häsiýetleri Siziň ýokary bahaňyzy we ynamyňyzy gazanjakdygyna ynam döredýär.

Şunuň bilen baglylykda, onuň Kubanyň adyndan aýdanlarynyň ählisine, aýratyn-da, Size we ähli türkmen halkyna bagtyýarlyk we abadançylyk baradaky tüýs ýürekden arzuwlarymy ýetirende doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Migel Mario Dias-Kanel BERMUDES,
Kuba Respublikasynyň Prezidenti.

Soňky habarlar
04.08
Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek
03.08
Uzak möhletleýin halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak — Türkmenistanyň oňyn başlangyçlarynyň maksady
03.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million 755 müň dollaryndan gowrak boldy
01.08
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrine gynanç bildirdi
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidentini gutlady
31.07
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyndaky ÇYKYŞY
31.07
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy
31.07
Döwletiň we jemgyýetiň demokratik esaslaryny pugtalandyrmak ugrunda
top-arrow