Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
Çap edildi 21.02.2023
1885

Onuň Alyhezreti,

türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň “Arkadag şäheri” diýlip atlandyrylmagy mynasybetli Sizi tüýs ýürekden gutlamaga rugsat ediň! Munuň özi tutuş Türkmenistan üçin, hususan-da, “akylly” ýaşaýyş jaýlary, häkimligiň binasy, drama teatry, Ruhyýet köşgi, Halkara atçylyk akademiýasy we beýleki edaralary bolan bu ajaýyp şäherde ýaşajak ilat üçin aýratyn guwandyryjy wakadyr. Siz bu täze, iri taslamanyň amala aşyrylmagyna yzygiderli üns berýärsiňiz hem-de uly şahsy goşandyňyzy goşýarsyňyz.

Öz halkynyň rowaçlygy barada alada edýän Milli Liderine türkmen halky tüýs ýürekden buýsanýar. Görnükli döwlet işgäri hökmündäki syýasatyňyz we halkyňyz baradaky aladaňyz Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň dünýädäki abraýyny has-da pugtalandyrýar.

Hormatly 

Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

2009-njy ýylyň maýynda Siziň başlangyjyňyz boýunça döredilen, türkmen we awstriýa sazandalarynyň Ýewropadaky ýeke-täk bilelikdäki orkestrine — “Galkynyş” türkmen-awstriýa simfoniki orkestrine 14 ýyl dolýar. Täze Arkadag şäheriniň dabaraly açylmagy mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasyny şu orkestriň çykyşlary hem bezär diýip umyt edýäris.

Sözümiň ahyrynda “akylly” Arkadag şäherine bagyşlap ýazan täze goşgym bilen Sizi tanyşdyrmaga rugsat ediň!

Arkadag şäheri

Arkadag! Sen täze, «akylly» şäher,

Arkadag! Sen bize sarsmaz galasyň,

Arkadag! Sen bize umyt-arzuwsyň.


Seniň adyň — goragyňdyr,

Seniň adyň — diregiňdir,

Seniň adyň — geljegiňdir.


Sen — bagtly ýaşlaň şäheri,

Sen — aýdyň, tämiz durmuşyň,

Hem nurly Günüň şäheri.


Sen — bagtly halkyň şäheri,

Sen — öz beýik dana Ogluň —

Gahryman Arkadagyň şäheri.


Ol seni döredýär, gurýar,

Seniň bilen öňe barýar,

Ýüregi seň bilen urýar.


Ol saňa güýç-kuwwat berýär,

Saňa ynam-umyt berýär,

Saňa geljek, ömür berýär.


Arkadag şäheri we Gahryman Arkadag!

Siz hemişe bile,

Hemra birek-birege!


Goý, Arkadag şähri müdimi bolsun!

Goý, seniň adyň hem ba:ka ulaşsyn!

Gahryman Arkadag baky ýaşasyn!


ŞÖHRAT SIZE, ARKADAG!

Hormatlamak we iň gowy arzuwlar bilen,

Neda Berger,

Awstriýa-türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysy.

Soňky habarlar
04.08
Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek
03.08
Uzak möhletleýin halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak — Türkmenistanyň oňyn başlangyçlarynyň maksady
03.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million 755 müň dollaryndan gowrak boldy
01.08
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrine gynanç bildirdi
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidentini gutlady
31.07
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyndaky ÇYKYŞY
31.07
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy
31.07
Döwletiň we jemgyýetiň demokratik esaslaryny pugtalandyrmak ugrunda
top-arrow