Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Çap edildi 24.02.2023
1536

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, milli ykdysadyýetiň pudaklaryny ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa söz berildi. Ol kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri barada maglumat berdi. Mejlisiň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Bahreýn Patyşalygyna amala aşyran resmi saparynyň üstünlikli geçmegi hem-de bu dostlukly ýurduň ýokary döwlet sylagy — Şeýh Isa bin Salman Al Halifa adyndaky birinji derejeli ordeniň gowşurylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna girizilen üýtgetmelere hem-de halkara tejribä laýyklykda, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan berlen tekliplere seljerme geçirilip, “Türkmenistanyň Mejlisi hakynda” Kanunyň taslamasyny taýýarlamak, şeýle hem döwrüň täze talaplaryndan ugur alyp, hereket edýän kanunlary kämilleşdirmek boýunça işler dowam etdirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Mejlisde daşary ýurtlaryň birnäçesiniň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlary kabul edildi. BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy hökmünde işini tamamlan Natalýa German bilen duşuşyk geçirildi, şeýle-de onuň gatnaşmagynda ýurdumyzyň dürli pudaklarynda işleýän zenan ýolbaşçylar bilen maslahat guraldy. Sebit merkezi bilen geçirilýän bilelikdäki işiň netijeleri hem-de hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şu günler Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, Mejlisiň deputatlygyna, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak çäresi tamamlanyp barýar. Welaýatlarda we Aşgabat şäherinde merkezi saýlaw toparynyň edarasynyň hünärmenleriniň, Mejlisiň deputatlarynyň, syýasy partiýalaryň, häkimlikleriň wekilleriniň gatnaşmagynda okuw maslahatlary guraldy. Saýlawlaryň demokratik esaslarda geçirilişine gözegçilik etmek üçin ýurdumyzyň syýasy partiýalary, jemgyýetçilik birleşikleri, raýatlar toparlary tarapyndan milli synçylar hödürlenildi.

Mejlisiň deputatlary ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň, gazanylan ýokary ösüş depginleriniň, taryhy wakalaryň ähmiýetini, hereket edýän kanunçylyk namalarynyň many-mazmunyny düşündirmek we wagyz etmek boýunça geçirilýän çärelere gatnaşýarlar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararynyň düzgünlerini ýerine ýetirmek üçin geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şol Karara laýyklykda, Halkara zenanlar güni mynasybetli her ýyl ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna döwlet Baştutanymyzyň adyndan pul sowgatlary gowşurylýar. Şunuň bilen baglylykda, degişli Buýrugyň taslamasynyň taýýarlanylyşy barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda gadymdan gelýän milli däplere eýerip, türkmen zenanlaryna, ajaýyp görüm-görelde bolýan mähriban enelerimize uly sarpa goýulýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde zenanlarymyzyň maddy we ruhy gymmatlyklaryň, medeni mirasyň artdyrylmagyna, dost-doganlyga çagyrýan belent ynsanperwerlik ýörelgelerini dowam etdirmäge mynasyp goşant goşýandyklary, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine ýardam edýändikleri nygtaldy. Döwlet Baştutanymyz degişli resminama gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we Buýrugyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Begliýew energiýa serişdelerini rejeli peýdalanmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, nebit önümlerini ulanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, olaryň sarp edilişine gözegçilik etmek boýunça degişli çäreler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna “Türkmennebit” döwlet konserniniň “Türkmennebitönümleri” baş müdirliginiň Nebit önümleriniň peýdalanylyşyna gözegçilik gullugynyň meseleleri hakyndaky Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň nebitgaz senagatynyň milli ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň biridigini belledi. Bu pudagyň esasy wezipesi ýurdumyzyň baý tebigy uglewodorod serişdelerini rejeli ulanmakdan hem-de energiýa serişdelerine artýan islegleri kanagatlandyrmakdan ybaratdyr. Döwlet Baştutanymyz degişli resminama gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, resminamanyň düzgünleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň sebitlerinde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri hem-de ýazky ekişe görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu ýyl Türkmenistan boýunça sebitleriň toprak-howa şertlerine laýyklykda hem-de ylmy esasda ekin dolanyşygyny alyp barmak maksady bilen, jemi 1 million 414 müň 980 gektar meýdanda oba hojalyk ekinleri ýerleşdiriler. 106 müň gektar meýdanda gök-bakja ekinleri ekiler.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna welaýatlar boýunça 2023-nji ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmek hem-de önümleri öndürmek hakyndaky Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda dürli oba hojalyk önümleriniň, şol sanda gök-bakja önümleriniň, miweleriň öndürilýän möçberini mundan beýläk-de artdyrmagyň wajypdygyny belledi. Munuň özi ilatyň ýokary hilli, ekologik taýdan arassa önümlere bolan isleglerini doly kanagatlandyrmaga ýardam etmelidir. Döwlet Baştutanymyz hödürlenen resminama gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we degişli tabşyryklary berdi.

Soňra wise-premýer daşky gurşawyň goralmagyny hem-de ýurdumyzyň ekologik abadançylygyny üpjün etmek boýunça döwlet strategiýasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna ýurdumyzda 2023-nji ýylda bag ekmek hakyndaky Kararyň taslamasy hödürlenildi. Resminama laýyklykda, şu ýylda ýurdumyzda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 3 million düýp nahalyny ekmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, tebigata aýawly garamagyň, onuň gözelligini we baýlyklaryny geljek nesiller üçin saklap galmagyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz degişli resminama gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we birnäçe görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Aşgabat şäheriniň şähergurluşyk-binagärlik keşbini has-da gözelleşdirmek, paýtagtymyzy ýaşamak, işlemek we dynç almak üçin oňaýly şähere öwürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Baş baýdak meýdançasynyň durkuny täzelemek, ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak we onuň çägini giňeltmek işleri ýerine ýetiriler.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, okgunly ösýän Türkmenistanyň aýdyň nyşany hökmünde ýurdumyzyň baş şäheriniň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini belledi hem-de wise-premýere ak mermerli paýtagtymyzyň keşbini mundan beýläk-de özgertmek, onuň gaýtalanmajak binagärlik gözelligini döretmek boýunça işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Soňra wise-premýer ozal berlen tabşyryklara laýyklykda, paýtagtymyzyň günbatar künjeginde gurulmagy meýilleşdirilýän döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de medeni-durmuş maksatly binalaryňdyr desgalaryň şekil taslamalarynyň işlenip taýýarlanandygy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, paýtagtymyzy ösdürmegiň, uzak möhletli geljegi nazara almak bilen, onuň düzümini kämilleşdirmegiň amala aşyrylýan şähergurluşyk syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini nygtap, şäherlileriň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamaklary we göwnejaý dynç almaklary üçin amatly şertleri döretmegiň wajypdygyna ünsi çekdi hem-de bu ugurdaky işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew Dokma senagaty ministrliginiň garamagyndaky bilelikdäki kärhanalary döwrebaplaşdyrmak hem-de olaryň dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşiniň aýdyň görkezijisi bolup durýan dokma pudagyny hem-de kärhanalary dolandyrmak ulgamyny bildirilýän talaplara laýyklykda döwrebaplaşdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz bu ugurdaky wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belläp, wise-premýere bellenen meýilnamalary durmuşa geçirmek üçin degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Şeýle hem wise-premýer hasabatynyň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilýän möçberini artdyrmak boýunça ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň amala aşyrýan işleri barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, söwda toplumynyň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi hem-de wise-premýere bu ugurdaky işleriň alnyp barlyşyny gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň mart aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalary açyp ulanmaga bermegiň Tertibi barada hasabat berdi.

Mart aýynyň dowamynda ýurdumyzyň täze taryhy döwürde gazanýan üstünliklerini, 2023-nji ýylyň şygaryny wagyz etmek maksady bilen, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dürli maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, sergileri, aýdym-sazly dabaralary, sport çärelerini geçirmek göz öňünde tutulýar.

Şu ýylyň 1 — 8-nji marty aralygynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni mynasybetli dürli baýramçylyk çäreleri we dabaralar geçiriler. 17-18-nji martda Söwda-senagat edarasynyň binasynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygy mynasybetli sergi we maslahat, 20-nji martda bolsa “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahat geçiriler. 21-22-nji martda Ak bugdaý etrabynyň çägindäki Nowruz ýaýlasynda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryny geçirmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli medeniýeti, türkmen halkynyň baý ruhy mirasyny wagyz etmek boýunça işleri işjeňleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz ýaz paslynyň ilkinji aýynda guraljak baýramçylyklara we beýleki çärelere taýýarlyk görmek meselesine degip geçip, olary ýokary guramaçylykly geçirmegiň wajypdygyny belledi hem-de bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça halkara bäsleşigi geçirmäge taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň esasy strategik güýji hökmünde zehinli ýaşlar ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen taslamalary amala aşyrmaga işjeň gatnaşýarlar.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly mynasybetli ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça “Ýokary tehnologiýalar we innowasion işläp taýýarlamalar” atly halkara bäsleşigi geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, Bilim ministrligi hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan resmi internet saýtlarda we diplomatik ýollar arkaly nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek, energetika, biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa hem-de genetika ugurlary boýunça halkara bäsleşik yglan ediler. Bäsleşigi iki tapgyrda geçirmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, geçiriljek halkara bäsleşigiň ýurdumyzyň ýaşlarynyň ylym-bilim dünýäsine mundan beýläk-de işjeň aralaşmagyny üpjün etjekdigini belledi hem-de onuň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra wise-premýer ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly halkara olimpiadalary geçirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynda, tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynda kesgitlenen wezipelerden ugur alnyp, şu ýylyň 15-nji martynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda materiallaryň garşylygy dersi boýunça II halkara açyk internet olimpiadasyny, 27-nji mart — 1-nji aprel aralygynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda nazary mehanika dersi boýunça II açyk halkara internet olimpiadasyny, 12-13-nji aprelde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda iňlis dili dersi boýunça II halkara internet olimpiadasyny geçirmek teklip edilýär. Meýilleşdirilýän halkara internet olimpiadalaryna ýurdumyzyň talyplary bilen bir hatarda, Ýewraziýa döwletlerinden, Demirgazyk we Günorta Amerika ýurtlaryndan, şeýle hem dünýäniň beýleki sebitlerinden onlarça döwletiň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, talyplaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga, ylym-bilim ulgamynda baý tejribe toplamaga, zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýän bilim bäsleşiklerini yzygiderli geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz ýaş türkmenistanlylaryň bilime ymtylmasyny yzygiderli höweslendirmegiň, olaryň ýokary hilli we döwrebap bilim almaklary üçin ähli şertleri döretmegiň wajypdygyny nygtap, wise-premýere bellenen çäreleriň ählisiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow 2023-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary we innowasion tehnologiýalary çekmäge gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin Hereketleriň meýilnamasynyň taslamasynyň işlenip taýýarlanylyşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu möhüm ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Häzirki wagtda Diýarymyzda döwrebap ýokary tehnologiýaly ykdysadyýeti döretmek maksady bilen, dünýäniň tehnologik taýdan ösen döwletleri, abraýly halkara guramalar we iri kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk ýola goýulýar. Şunuň bilen baglylykda, birnäçe teklipler, şol sanda ýokarda agzalan Hereketleriň meýilnamasynyň taslamasyny işläp taýýarlamak, degişli kanunçylygy kämilleşdirmek, ýokary tehnologik merkezleri döretmek babatda dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek, bu ugurda bilim almak ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça teklipler taýýarlanyldy.

Mundan başga-da, ýurdumyzda täze bilimleriň, ylmy barlaglaryň, önümçiligiň we tehnologiýalar işewürliginiň bitewüligini özünde jemleýän Halkara innowasion toplumy we ýokary tehnologiýalar boýunça işewürler mekdebini döretmek, şeýle-de BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy hem-de ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi bilen bilelikde paýtagtymyzda tehnologiýalar hepdeligini geçirmek teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde ýokary tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň giňden ornaşdyrylmagynyň döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň okgunly ösüşiniň möhüm şerti bolup durýandygyny belledi. Öňdebaryjy gazanylanlaryň, dünýäniň iň gowy tejribesini ornaşdyrmagyň hasabyna tehnologik özgerişlikleri amala aşyrmak ösüşiň, innowasion ykdysadyýeti döretmegiň, onuň kuwwatyndan netijeli peýdalanmagyň, durmuş ulgamyny kämilleşdirmegiň wajyp şertidir. Döwlet Baştutanymyz şular barada aýtmak bilen, wise-premýere, daşary işler ministrine bu ugurda işleri yzygiderli dowam etdirmegi tabşyrdy we daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda halkara guramalar, ugurdaş işewürlik düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory M.Çakyýew hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, täze, ykdysady taýdan has amatly bolan ugurlar boýunça halkara howa gatnawlaryny açmak, ýük daşalýan ugurlary giňeltmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ulag hyzmatlaryny ösdürmekde raýat awiasiýasynyň möhüm orny eýeleýändigini nygtady. Döwrebap ulag geçelgelerini döretmek, howa menzillerini netijeli ulanmak raýat awiasiýasynyň öňünde durýan wajyp wezipeleriň biridir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we agentligiň ýolbaşçysyna bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Hasabatyň dowamynda “Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda” kesgitlenen wezipeleri üstünlikli çözmäge gönükdirilen işler barada habar berildi. Hususan-da, Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny “ýaşyl” portlaryň hataryna goşmak, oňa “EсoPort” şahadatnamasyny almak babatda görülýän çäreler barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň deňiz ulagy ulgamynyň halkara gatnaşyklary ösdürmäge, Hazar deňziniň ekologik deňagramlylygyny üpjün etmäge we tebigaty goramak babatdaky ähli wezipeleri çözmäge işjeň gatnaşýandygyny belledi hem-de agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurdaky işi dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmäge gönükdirilen resminamalar kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilýän Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
22.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 35 million 703 müň dollaryndan gowrak boldy
21.04
Hokkeý boýunça halkara ýaryşda ýeňiji bolan «Galkan» hokkeý toparynyň türgenlerine we tälimçilerine
21.04
Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
21.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary
21.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
21.04
“Galkan” hokkeý toparynyň türgenleriniň we tälimçileriniň hormatyna dabara
20.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa
20.04
«Galkan» topary hokkeý boýunça halkara ýaryşyň Kubogyna mynasyp boldy
19.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow