Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar
Çap edildi 26.02.2023
1728

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

6-njy fewralda Siriýada bolup geçen weýrançylykly ýertitreme zerarly iberen ýürekden gynanjyňyz üçin Siriýa Arap Respublikasynyň Hökümetiniň adyndan we hut öz adymdan hoşallygymy beýan edýärin.

Siriýanyň halky şu agyr pursatda Türkmenistanyň bildiren belent ynsanperwerligine ýokary baha berýär. Siziň ýurduňyza abadançylyk arzuw edýärin.

Tüýs ýürekden hormatlamak hem-de hoşallyk bilen,

Başar AL-ASAD,

Siriýa Arap Respublikasynyň Prezidenti.


* * * 


Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Peşewarda ýüzden gowrak adam pidalaryna, şeýle hem şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk bilen baglylykda, iberen gynanç hatyňyz we duýgudaşlygyňyz üçin Size tüýs ýürekden hoşaldyryn. Şeýle hasratly pursatda Siziň Alyhezretiňiziň Pakistanyň Hökümetine we gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna duýgudaşlyk bildirmegi ýurtlarymyzyň halklarynyň arasyndaky berk dostluk gatnaşyklarynyň subutnamasydyr.

Pakistanyň Hökümeti we halky, ozalkysy ýaly, terrorçylyk wehiminiň ähli görnüşlerini ýok etmäge ygrarlydyr.

Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa ösüş we abadançylyk arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňize belent sarpa goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Muhammad Şahbaz Şarif,

Pakistan Yslam Respublikasynyň 

Premýer-ministri.

Soňky habarlar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
23.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.10
“Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bellenildi
23.10
Awtomobil ýollary ministrligine “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
23.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, alabaý itleriniň janköýerlerine we ýurdumyzyň halkyna
23.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
23.10
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
23.10
Dünýä ähmiýetli milli gymmatlygyň şanyna
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
top-arrow