Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygy boýunça hyzmatdaşlyk
Ykdysadyýet
Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygy boýunça hyzmatdaşlyk
Çap edildi 09.03.2023
2747

Şu gün paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygy boýunça hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahatyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň oba hojalyk ministrleriniň duşuşygy boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Aşgabatda geçirilýän bu iki günlük forumy Türkmenistanyň Hökümeti hem-de BMG-niň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasy (FAO) BMG-niň ýurdumyzdaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasynyň goldaw bermeginde bilelikde guradylar.

Utgaşykly görnüşde geçirilen duşuşyga FAO-nyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Wiorel Gusu, FAO-nyň Baş direktorynyň orunbasary, Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Wladimir Rahmanin, Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň ugurdaş ministrlikleriniň ýolbaşçylary, şeýle-de Eýran Yslam Respublikasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Aşgabat forumy azyk howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly möhüm ugurda sebit we ählumumy hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin açyk meýdançany döretmäge gönükdirilendir. Şu gezekki duşuşyga abraýly halkara guramalaryň we maliýe düzümleriniň wekilleriniň gatnaşmagy bu meseläniň aýratyn möhümdigine şaýatlyk edýär. Häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda, bu ulgamdaky wezipeleri çözmek üçin tagallalaryň birleşdirilmegi ählumumy durnuklylygyň we Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmagyň aýrylmaz şerti bolup çykyş edýär.

FAO-nyň we duşuşyga gatnaşyjylaryň adyndan bu ulgamda tejribe, maglumat we tehnologiýalary alyşmagy ýola goýmaga, meseleleriň giň gerimini çözmekde utgaşykly çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga, obasenagat pudagynyň kuwwatyndan pugtalandyrmaga mümkinçilik berýän forumyň ýokary guramaçylyk derejesi hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin hormatly Prezidentimiziň adyna tüýs ýürekden hoşallyk beýan edildi. Şeýle-de FAO-nyň Merkezi Aziýa döwletleri bilen mundan beýläk-de bilelikde işlemegi maksat edinýändigi hem-de sebitiň okgunly ösüşine öz goşandyny goşmaga taýýardygy nygtaldy.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary, şol sanda FAO bilen netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Azyk ulgamyndaky sebit we halkara hyzmatdaşlygyň höweslendirilmegine gönükdirilen şu gezekki çäreleriň Aşgabatda geçirilmegi hem bu hyzmatdaşlygyň netijesidir. Şunuň bilen baglylykda, howanyň üýtgemeginiň oba hojalygyny alyp barmakdaky däp bolan tejribä üýtgeşmeleri girizýändigi, munuň bolsa dessin çäreleriň görülmegini talap edýändigi bellenildi. Şeýlelikde, häzirki günde sebitiň we dünýäniň ýurtlarynyň öňünde obasenagat toplumyny has netijeli, daşarky täsirlere hem-de ýüze çykýan täze şertlere uýgunlaşmaga ukyply görnüşe getirmek ýaly möhüm wezipe goýuldy.

Azyk howpsuzlygynyň ähmiýeti howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygynda hem ykrar edilýär. Köp ýurtlaryň howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we olaryň täsirlerini peseltmek boýunça meýilnamalarynda, ilkinji nobatda, obasenagat toplumyna uly orun bermegi munuň subutnamasydyr. Azyk howpsuzlygyny üpjün etmek üçin durnukly oba hojalyk tejribeleriniň ulanylmagy Merkezi Aziýa döwletleri üçin hem ileri tutulýan ugurdyr. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanda bu meselä uly üns berilýändigi nygtaldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň obasenagat toplumynda düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýär, innowasiýalary we sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagyň hasabyna onuň işini kämilleşdirmek boýunça yzygiderli çäreler amala aşyrylýar, pudagyň gaýtadan işleýän bölegi döwrebaplaşdyrylýar.

Şeýle hem ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, howanyň üýtgemegi baradaky Milli strategiýanyň hem-de Milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde degişli çäreler durmuşa geçirilýär. Oba hojalyk önümçiligini howa şertlerine uýgunlaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işler ýerine ýetirilýär. Durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmelerde ýer we suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyna, ekologik ugra uly ähmiýet berilýär. Türkmenistan bu ugurdaky halkara tagallalary goldamak bilen, bu meseleleri çözmek üçin geljegi nazarlaýan deňeçer çözgütleri işläp taýýarlamakda başlangyçly orny eýeleýär.

Duşuşygyň gün tertibine girizilen meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň dowamynda howanyň üýtgemeginiň, azyk ulgamynyň we durmuş-ykdysady şertleriň berk özara baglanyşygy bellenildi. Dünýäniň oba hojalyk önümçiliginiň bökdençsiz işledilmegi bilen bir hatarda, azyk önümlerini ibermegiň durnukly ulag ulgamlary azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmagyň möhüm şertleri hökmünde nygtaldy. Howanyň üýtgemeginiň azyk önümçiligine edýän täsiri ikitaraplaýyn häsiýete eýedir. Howanyň gyzmagy hem-de howa şertleriniň üýtgemegi oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmekde töwekgelçilikleri döredýär. Şol bir wagtyň özünde, howanyň üýtgemeginiň daşky gurşawa ýetirýän ýaramaz täsirini peseltmek, hususan-da, parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak üçin oba hojalyk önümçiligine ekologik taýdan arassa “ýaşyl” tehnologiýalary ornaşdyrmak zerurlygy ýüze çykýar. Şunuň bilen baglylykda, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we onuň täsirlerini peseltmek ulgamyndaky öňdebaryjy dünýä tejribesiniň öwrenilmegi hem-de ulanylmagy aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Merkezi Aziýa üçin howanyň üýtgemegi boýunça tehnologiýalaryň sebit merkezi bu wezipäni çözmekde netijeli gural bolup biler. Bu merkez BMG-niň howandarlygynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça döredildi.

Howanyň üýtgeýän şertlerinde azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň Durnukly ösüş maksatlarynda bellenen köp wezipeleri çözmek bilen baglanyşyklydygy nygtaldy. Bu işler köptaraply bolup, halkara hyzmatdaşlygyň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyny talap edýär. Şunda sebit we ählumumy hyzmatdaşlygy ösdürmek, anyk netijeleri gazanmak üçin her bir ýurduň tagallasy uly ähmiýete eýedir.

Duşuşygyň jemleri jemlenende, howanyň üýtgemegine we onuň täsirlerine uýgunlaşan durnukly oba hojalygyny ösdürmek maksady bilen, sebit hyzmatdaşlygyny amala aşyrmaga degişli dürli ugurlar boýunça pikir alyşmalaryň netijeli geçendigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, FAO ýaly BMG-niň iri düzüminiň gatnaşmagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ugurdaş edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ähmiýeti bellenildi. Şeýle duşuşyklary yzygiderli esasda dowam etdirmegiň möhümdigi nygtaldy. Munuň özi umumy bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bar bolan uly mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak boýunça anyk teklipleri we bilelikdäki taslamalary işläp taýýarlamaga ýardam berer.

Soňra Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň hem-de BMG-niň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasynyň degişli sebit düzüminiň arasynda sanly ýer kadastrynyň döredilmegine ýardam bermek hem-de guraklaşan we şorlaşan oba hojalyk meýdanlarynda tebigy serişdeleri dolandyrmak boýunça taslamalara degişli birnäçe resminamalara gol çekildi.

Ertir “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygy boýunça hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahatyň dowamynda bu ugra degişli meseleleriň uly toplumy ara alnyp maslahatlaşylar.

Şeýlelikde, Aşgabat forumy häzirki döwrüň wajyp wezipelerini, çözgütlerini işläp taýýarlamaga hem-de ählumumy abadançylygyň, ösüşiň bähbidine Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmaga gönükdirilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmegiň ýolundaky möhüm tapgyr bolar.

Soňky habarlar
19.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
19.04
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi
19.04
Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (OSJD) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň netijeleri boýunça AŞGABAT JARNAMASY
19.04
Demir ýol ulagy pudagynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi
19.04
Ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmagyň ýolunda
18.04
2024-nji ýylyň marty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
18.04
Türkmenistanda Angola Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
18.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
18.04
Aşgabatda geçirilýän halkara hokkeý ýaryşy: 4-nji tapgyryň netijeleri
17.04
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň täze tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
top-arrow