Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky duşuşyklar
Syýasy habarlar
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky duşuşyklar
Çap edildi 15.03.2023
2139

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça türkmen wekiliýeti Bahreýn Patyşalygynyň Manama şäherinde şu ýylyň 11 — 15-nji marty aralygynda geçirilen Parlamentara Birleşigiň Assambleýasynyň mejlislerine gatnaşdy. Onuň işine daşary ýurtlaryň 117-siniň parlamentleriniň wekilleri gatnaşýarlar.

Parlamentara Birleşigiň Assambleýasyndaky umumy pikir alyşmalar “Parahatçylykly ýaşaşmaga hem-de inklýuziw jemgyýetlere ýardam bermek: düşünişmezligi ýeňip geçmek” mowzugyna bagyşlandy. Mejlise gatnaşyjylar bu ulgamda parlament gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek baradaky pikiri beýan etdiler. Umumy mejlisiň barşynda häzirki wagtda parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek, häzirki döwrüň wehimlerine garşy durmak meselelerinde dürli ýurtlaryň parlamentlerine, şol sanda Türkmenistanyň parlamentarilerine uly ornuň degişlidigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, jemgyýetde durnuklylygyň, ylalaşygyň üpjün edilmeginiň, halk häkimiýetliliginiň, demokratiýanyň, hukuk kadalarynyň binýatlarynyň berkidilmeginiň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygy nygtaldy.

Häzirki wagtda Merkezi Aziýa sebitinde möhüm orunlaryň birini eýeleýän Türkmenistan howpsuzlygyň ygtybarly toparlaýyn ulgamyny döretmäge hem-de dünýäniň syýasy we ykdysady giňişligine mundan beýläk-de goşulyşmaga uly gyzyklanma bildirmek bilen, dürli derejedäki mejlislere işjeň gatnaşyp, parahatçylygyň, ählumumy abadançylygyň bähbidine gatnaşyklary ösdürmäge goşant goşýar. Ýurdumyz bar bolan mümkinçilikleri ägirt uly giňişlikde netijeli gatnaşyklary has-da giňeltmek, ählumumy gün tertibiniň möhüm meselelerini, şol sanda epidemiýa garşy göreşmek, olaryň öňüni almak we aradan aýyrmak bilen baglanyşykly meseleleri çözmek üçin ulanmaga çalyşýar.

Parlamentara Birleşigiň Assambleýasynyň şu gezekki mejlisiniň çäklerinde türkmen wekiliýeti Goşulyşmazlyk Hereketiniň parlament ulgamynyň ikinji maslahatyna hem gatnaşdy. Onuň dowamynda pandemiýadan soňky gaýtadan dikeldiş boýunça milli we ählumumy tagallalara parlament goldawyny bermek, Goşulyşmazlyk Hereketiniň parlament ulgamyny kämilleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahata gatnaşyjylar parlamentara hyzmatdaşlygyň döwletleriň we hökümetleriň arasynda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmekde, medeniýetleriň ýakynlaşmagynda hem-de halklaryňdyr ýurtlaryň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda uly mümkinçilikleriniň bardygyny bellediler.

Nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Goşulyşmazlyk Hereketiniň COVID-19 bilen göreşmek boýunça Aragatnaşyk toparynyň 2-nji martda Baku şäherinde geçirilen sammitinde çykyş edip, Türkmenistanyň bu babatda anyk garaýyşlaryny hem-de tekliplerini beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, koronawirus pandemiýasynyň netijeleri häzirki döwürde örän möhüm we düýpli meseleleriň biri bolup durýar. Elbetde, bu diňe lukmançylyk meselesi däldir. Ol gönüden-göni ählumumy ösüşiň syýasy, ykdysady, durmuş-ynsanperwer ugurlaryna täsir edýär. Biziň ählimiziň duçar bolan ýönekeý bolmadyk ýagdaýymyzy ýeňip geçmek üçin döwletleriň we halkara institutlaryň özara gatnaşyklarynyň täze, birmeňzeş usullaryny gözlemegiň zerurdygyny görkezdi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan özüniň ozal teklip eden, ylmy diplomatiýa boýunça köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen başlangyçlaryny öňe sürmegi dowam etdirer. Hususan-da, ýurdumyzyň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň koronawirusyň genomyny öwrenmek boýunça Ýörite maksatnamasyny; öýken sowuklamasyna garşy göreşmek boýunça köptaraply guraly; Ýokanç keselleri bejermek we olaryň öňüni almak boýunça usulyýet merkezini; Merkezi Aziýa Epidemiologiýa, wirusologiýa we bakteriologiýa sebit merkezi ýaly halkara we sebit düzümlerini döretmek hakynda ozal öňe süren teklipleri tassyklanyldy.

Goşulyşmazlyk Hereketiniň parlament ulgamynyň şu gezekki maslahatyna gatnaşyjylar häzirki wagtda ähli ýurtlaryň parlamentleri tarapyndan döwletleriň pandemiýadan soňky döwürde gaýtadan dikeldiş boýunça tagallalarynyň goldanylýandygyny kanagatlanma bilen bellediler hem-de ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen meseleler boýunça milli tejribeleri alyşmagyň maksadalaýykdygyny beýan etdiler.

Soňky habarlar
07.05
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrini kabul etdi
07.05
Paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gruzin hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi
07.05
Watan gahrymanlarynyň hormatyna dabaralar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
top-arrow