Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti O.Kononenkony Kosmonawtika güni bilen gutlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti O.Kononenkony Kosmonawtika güni bilen gutlady
Çap edildi 11.04.2023
1896

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany, Kosmos işi boýunça “Roskosmos” döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenkony hünär baýramy — Kosmonawtika güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

“Älem giňişligini öwrenmek we özleşdirmek häzirki zaman ylmynyň aýrylmaz bölegi bolup, bütin adamzadyň ösüşi üçin täze mümkinçilikleri açýar. Köpýyllyk zähmetiňiz bilen Siz bu asylly işe mynasyp goşant goşýarsyňyz” diýlip, döwlet Baştutanymyzyň hatynda bellenilýär.

Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Oleg Kononenko berk jan saglyk, abadançylyk we jogapkärli işinde täze sepgitleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
22.10
Daşoguz welaýatynda ösümlik ýag kärhanasy gurlar
22.10
Ahalteke bedewi — türkmen halkynyň milli buýsanjy we şan-şöhraty
21.10
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumy ulanmaga berildi
21.10
Hormatly Prezidentimiziň türkmen Bitaraplygyna bagyşlanan kitaby azerbaýjan dilinde neşir edildi
21.10
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi
21.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
top-arrow