Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
Çap edildi 15.04.2023
2283

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Döwlet Baştutanymyz enesi Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykmagy zerarly iberen gynanç haty üçin, goňşy ýurduň Baştutanyna minnetdarlygyny beýan edip, Özbegistanyň halkynyň we onuň Lideriniň agyr pursatda bildiren duýgudaşlygyna ýokary baha berýändigini belledi.

Prezident Şawkat Mirziýoýew döwlet Baştutanymyza ýene bir gezek çuňňur gynanjyny beýan etdi hem-de türkmen halkynyň milli gymmatlyklarynyň goralyp saklanylmagyna, ösdürilmegine, ýaş nesliň ruhy-ahlak taýdan terbiýelenmegine ägirt uly goşant goşan parasatly ynsan hökmünde Ogulabat eje baradaky nurana ýatlamalaryň kalplarda hemişelik galjakdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwletara hyzmatdaşlyk barada aýdyp, Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň strategik we köpugurly häsiýete eýedigini, açyklygy, ynanyşmagyň, özara hormat goýmagyň ýokary derejesi bilen tapawutlanýandygyny belledi. Söhbetdeşler köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine, doganlyk halklaryň taryhy-medeni umumylygyna esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilýändigine ünsi çekip, halkara gatnaşyklarda iki ýurduň parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlydygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, iki döwletiň arasyndaky syýasy gatnaşyklaryň dünýä giňişliginde ýokary derejä ýetendigi aýratyn nygtaldy.

Söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky türkmen-özbek hyzmatdaşlygy, şeýle-de parlamentara gatnaşyklar üstünlikli ösdürilýär we işjeňleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň has ýokary derejä ýetmegi ugrunda mundan beýläk-de ähli zerur tagallalaryň ediljekdigini belledi.

Özbek Lideri soňky ýyllarda dost-doganlyk, deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykandygyny hem-de häzirki wagtda giň ugurlar boýunça ösdürilýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz mähriban enesi Ogulabat ejäniň aradan çykmagy zerarly bildiren gynanjy we medet beriji sözleri üçin goňşy ýurduň döwlet Baştutanyna ýene bir gezek minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz, pursatdan peýdalanyp, özbek kärdeşini mukaddes Oraza aýy we ýakynlaşyp gelýän Oraza baýramy bilen gutlap, doga-dilegleriň Beýik Allatagalanyň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi.

Prezident Şawkat Mirziýoýew gutlaglar üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, mukaddes Oraza aýynda edilen doga-dilegleri Beýik Biribaryň kabul etmegini diledi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew birek-birege berk jan saglyk, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdiler.

Soňky habarlar
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
22.10
Daşoguz welaýatynda ösümlik ýag kärhanasy gurlar
22.10
Ahalteke bedewi — türkmen halkynyň milli buýsanjy we şan-şöhraty
21.10
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumy ulanmaga berildi
21.10
Hormatly Prezidentimiziň türkmen Bitaraplygyna bagyşlanan kitaby azerbaýjan dilinde neşir edildi
21.10
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi
21.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
top-arrow