Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen hatlar
Çap edildi 20.04.2023
2181

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Size hem-de Türkmenistanyň dostlukly halkyna Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn.

Biziň halklarymyz asyrlarboýy bu nurana baýramyň belent ruhy gymmatlyklaryna ygrarly bolup gelýär.

Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we köpugurly özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de bilelikdäki tagallalar netijesinde, halklarymyzyň bähbidine hil taýdan täze derejä çykaryljakdygyna ynanýaryn.

Şu nurana günlerde Beýik Biribardan Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk we üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, mundan beýläk-de ösüş dileg edýärin.

Hormatlamak bilen,

Emomali Rahmon,

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Azerbaýjanyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Size we doganlyk türkmen halkyna yslam dünýäsiniň mukaddes Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Goý, Beýik Allatagala Siziň doga-dilegleriňizi kabul etsin!

Azerbaýjanyň hem-de Türkmenistanyň arasynda umumy taryhy-medeni köklere, doganlygyň berk binýadyna daýanýan gatnaşyklaryň häzirki ýokary derejesi kanagatlanma döredýär. Bilelikdäki tagallalar netijesinde döwletara gatnaşyklarymyzy we hyzmatdaşlygymyzy mundan beýläk-de ösdürmegi, giňeltmegi dowam etjekdigimize ynanýaryn.

Bu mukaddes baýramda Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, işiňizde üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Ilham Aliýew,

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Palestina Döwletiniň we halkynyň adyndan, hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize hem-de Türkmenistanyň halkyna Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn.

Bu mukaddes baýram günlerinde Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, türkmen halkyna hem-de dünýäniň hemme halklaryna ähli gowulyklary, abadançylyk we rowaçlyk eçilmegini dileg edýärin.

Mahmud Abbas,

Palestina Döwletiniň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Owganystanyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan, hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňizi hem-de Türkmenistanyň halkyny Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Beýik Biribardan şu mukaddes günlerde tutuş musulman halklaryň jebislik we abadançylyk baradaky doga-dileglerini hem-de beren sadakalaryny kabul etmegini dileg edýärin.

Iki dost-dogan ýurtlarymyzyň hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynanýaryn.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Alhaj molla Mohammad Hassan Ahund,

Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy.

Soňky habarlar
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
22.10
Daşoguz welaýatynda ösümlik ýag kärhanasy gurlar
22.10
Ahalteke bedewi — türkmen halkynyň milli buýsanjy we şan-şöhraty
21.10
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumy ulanmaga berildi
21.10
Hormatly Prezidentimiziň türkmen Bitaraplygyna bagyşlanan kitaby azerbaýjan dilinde neşir edildi
21.10
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi
21.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
top-arrow