Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Tailand Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Tailand Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Çap edildi 10.05.2023
2600

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Tailand Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Apirat Sugondhabhiromdan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan myhmany jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Diplomat mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Tailandyň ýolbaşçylarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa iň gowy arzuwlaryny ýetirdi hem-de deňhukuklylyk, ynanyşmak, özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldilmegi üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy. Dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekiliniň belleýşi ýaly, Tailand Patyşalygynda türkmen döwletiniň Baştutanynyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna, durnukly ösüşiň esaslarynyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna, häzirki döwrüň ählumumy meseleleriniň çözülmegine gönükdirilen möhüm halkara başlangyçlaryna ýokary baha berýärler we doly goldaýarlar.

Duşuşygyň çäklerinde ilçi Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, halkymyzyň abadançylygyna, netijeli halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň, taslamalaryň durmuşa geçirilişi bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem diplomata ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş ugurly giň gerimli özgertmeler, dürli ulgamlarda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde amala aşyrylýan milli we halkara taslamalar barada gürrüň berildi.

Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki abraýly halkara düzümleriň çäklerinde ösdürilýän türkmen-tailand hyzmatdaşlygynyň geljegi bilen baglylykda, parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň we kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmagyň meseleleri duşuşygyň aýratyn mowzugy boldy. Şunuň bilen baglylykda, diplomat iki ýurduň we olaryň dostlukly halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli dialogyň, hoşniýetli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Tailand Patyşalygy bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, biz jenap Apirat Sugondhabhiromy Tailand Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi edip bellemek kararyna geldik. Jenap Apirat Sugondhabhiromyň oňat şahsy häsiýetleri ýurtlarymyzyň abadançylygyna ýardam bermek we olaryň bähbitlerini ilerletmek babatda özüne ynanylan wezipäni mynasyp ýerine ýetirjekdigine hem-de Siziň Alyhezretiňiziň makullamagyny gazanjakdygyna ynam döredýär.

Şunuň bilen baglylykda, Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçimizi özüňize mahsus hoşniýetlilik bilen kabul etmegiňizi we Siziň Alyhezretiňize biziň adymyzdan ähli aýtjaklaryna, hususan-da, Size belent sarpa goýýandygymyz baradaky ynandyrmalarymyzy hem-de Türkmenistana abadançylyk baradaky tüýs ýürekden arzuwlarymyzy ýetirende, oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýäris.

Hoşniýetli arzuwlar bilen,

Maha Wajiralongkorn,

Tailandyň Patyşasy.

Soňky habarlar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
top-arrow