Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň Başlygy bilen duşuşygy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň Başlygy bilen duşuşygy
Çap edildi 10.05.2023
1796

Şu gün Täjigistan Respublikasynda döwlet saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň Başlygy Mahmadtoir Zokirzoda bilen duşuşdy.

Täjik parlamentiniň aşaky palatasynyň Başlygy belent mertebeli myhman bilen mähirli görşüp, giň sebit we halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen döredijilikli, parahatçylyk söýüjilikli syýasaty durmuşa geçirýän ýurduň — Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşmagyň özi üçin uly mertebedigini belledi. Şunda şu gün geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň ähmiýeti nygtaldy. Onuň jemleri däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze, möhüm tapgyry açýar. Şol gatnaşyklar parlamentleriň ugry boýunça hem uly ösüşe eýe boldy. Şunuň bilen baglylykda, doganlyk ýurtlaryň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň berk esasynyň Prezident Emomali Rahmon we Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan goýlandygy bellenildi. Olaryň tagallalary esasynda däp bolan hyzmatdaşlyk strategik häsiýete eýe boldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Namoýandagon Majlisiniň Başlygyna türkmen-täjik dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna goşýan şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu duşuşyk ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de ony geljekde ösdürmek, hususan-da, parlamentara gatnaşyklar ýaly möhüm ugurda giňeltmek barada pikir alyşmak üçin amatly mümkinçilikleri döredýär. Şunda ýokary derejede emele gelen açyk, oňyn hem-de ynanyşykly syýasy gepleşikleriň döwletara gatnaşyklary okgunly ösdürmegiň wajyp şerti bolup durýandygy nygtaldy. Iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasyndaky hereketleriň ösdürilmegi türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň gurallaryny güýçlendirmäge, oňa hil taýdan täze many-mazmun bermäge, netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam eder. Şunda Türkmenistan parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirmek hem-de yzygiderli giňeltmek ugrunda çykyş edýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow söhbetdeşligiň dowamynda 2023-nji ýylyň 26-njy martynda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryna ünsi çekdi. Şol saýlawlar demokratik, giň bäsdeşlik hem-de raýatlaryň isleg-arzuwlaryny erkin beýan etmek ýörelgeleri esasynda geçirildi. Ýakyn wagtda türkmen parlamentiniň deputatlary özleriniň toplan tejribeleri esasynda halkara we parlamentara gatnaşyklary ösdürmäge jogapkär düzümleri döretmegi meýilleşdirýärler. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurdaky ilkinji çözgütleriň biriniň “Türkmenistan — Täjigistan” parlamentara dostluk toparyny döretmek barada boljakdygyna ynam bildirildi. Şeýle düzümiň döredilmegi Türkmenistanyň Mejlisi bilen Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň arasynda netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam berer.

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň parlamentleriniň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň halkara ugruna aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, dürli ulgamlarda iki döwletiň oňyn başlangyçlaryny ilerletmek üçin türkmen we täjik parlamentarileriniň Parlamentara Birleşigiň, ÝHHG-niň we GDA-nyň Parlamentara Assambleýalarynyň, beýleki halkara we sebit düzümleriniň meýdançalaryny netijeli peýdalanmaklarynyň uly mümkinçilikleriniň bardygy bellenildi. Şeýle hem deputatlaryň, öz ýurtlarynyň bähbitlerini üpjün etmek maksady bilen, tagallalaryny birleşdirmäge mümkinçilik berýän hyzmatdaşlygyň täze köptaraplaýyn görnüşleriniň döredilmegi goldanylýar. Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy şeýle düzümleriň biridir. Ol ilkinji gezek türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça geçen ýylyň maý aýynda Aşgabatda geçirildi.

Bilelikdäki işiň şeýle görnüşleriniň türkmen we täjik deputatlarynyň tejribelerini baýlaşdyrmakda, kanun çykaryjylyk hem-de hukuk ulanyş iş tejribesini kämilleşdirmekde täzeçil başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin goşmaça mümkinçilikleri berjekdigi nygtaldy. Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanyň Mejlisiniň hem-de Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň wekiliýetleriniň özara saparlarynyň guralmagynyň, bilelikdäki duşuşyklaryň, “tegelek stol” we okuw maslahatlarynyň geçirilmeginiň hem iki ýurduň deputatlarynyň arasyndaky dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklaryň berkidilmegine ýardam etjekdigi bellenildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda parlament ugry boýunça türkmen-täjik meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagyna bagyşlanan şu gezekki duşuşygyň jemleriniň köpugurly döwletara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna täze itergi berjekdigi nygtaldy.

Soňky habarlar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
top-arrow