Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar
Çap edildi 11.05.2023
2023

Onuň Alyhezreti,

türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy

jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Beýik Biribardan mukaddes Oraza aýynda tutan orazalarymyzy, eden doga-dileglerimizi we haýyr işlerimizi kabul etmegini, adamlaryň arasynda doganlyk gatnaşyklary pugtalandyrmagyny dileýärin.

Ýurtlarymyza, halklarymyza we ähli musulman ymmatyna parahatçylyk, abadançylyk, Beýik Biribaryň çäksiz rehmetini arzuw edýärin.

Goý, Beýik Biribar biziň ählimizi öz penasynda aman saklasyn!

Hormatlamak bilen,

Ramzan KADYROW,

Russiýa Federasiýasynyň Çeçen Respublikasynyň Baştutany.


* * * 


Onuň Alyhezreti,

türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy

jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň! Biz bu taryhy günde ata-babalarymyzyň öňünde çuňňur hoşallyk hem-de hormat bilen baş egýäris. Olaryň frontda we tylda görkezen gahrymançylygy, gaýduwsyzlygy geljek nesiller üçin edermenligiň, synmaz erkiň mizemez nusgasy bolup durýar.

Beýik Watançylyk urşunda ýurtlarymyzyň halklarynyň arasynda taplanan dostlukly gatnaşyklaryň Ermenistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge berk binýat boljakdygyna ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, pursatdan peýdalanyp, Size hem-de Türkmenistanyň ähli halkyna parahatçylyk we ähli gowulyklary arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Waagn HAÇATURÝAN,

Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti.

Soňky habarlar
21.10
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumy ulanmaga berildi
21.10
Hormatly Prezidentimiziň türkmen Bitaraplygyna bagyşlanan kitaby azerbaýjan dilinde neşir edildi
21.10
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi
21.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
top-arrow