Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen hatlar
Çap edildi 12.05.2023
3201

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli gutlaglarymy kabul ediň! Bu gün biz frontda we tylda görkezen gaýduwsyzlygy, edermenligi geljek nesiller üçin mertligiň aýdyň nusgasy bolan ata-babalarymyzyň hakydasynyň öňünde çuňňur hormat bilen baş egýäris.

Halklarymyzyň Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda taplanan dostlugynyň Ermenistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin berk binýat bolup hyzmat etjekdigine ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size we Türkmenistanyň ähli halkyna parahatçylyk, abadançylyk arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Waagn HAÇATURÝAN,
Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň! Bu gün biz çäksiz gahrymançylyk we edermenlik görkezip, adamzady faşizmden azat eden millionlarça ildeşlerimizi buýsanç we çuňňur hoşallyk bilen hatyralaýarys.

Beýik Ýeňiş baradaky hatyranyň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy üçin mundan beýläk-de mizemez binýat bolup hyzmat etjekdigine ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size we Türkmenistanyň ähli halkyna parahatçylyk, abadançylyk arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Nikol PAŞINÝAN,
Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Oraza baýramy mynasybetli gutlaglarymy kabul ediň!

Size we Siziň ýakynlaryňyza şatlyk hem-de bagtyýarlyk arzuw edýärin.

Maldiwler Respublikasynyň Prezidenti
Ibrahim Mohamed SOLIH maşgalasy bilen.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Oraza baýramy mynasybetli iň gowy arzuwlarymy kabul ediň!

Singapur Respublikasynyň Prezidenti
hanym Halima ÝAKOB ýanýoldaşy bilen.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Oraza baýramy mynasybetli gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy kabul ediň!

Singapur Respublikasynyň Premýer-ministri
Li Sýan LUN maşgalasy bilen.

Soňky habarlar
21.10
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumy ulanmaga berildi
21.10
Hormatly Prezidentimiziň türkmen Bitaraplygyna bagyşlanan kitaby azerbaýjan dilinde neşir edildi
21.10
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi
21.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
top-arrow