Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
Çap edildi 14.05.2023
3067

Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy,
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedowa

Belent mertebeli Gahryman Arkadagymyz!

Her bir sözi, her bir işi, arzuw-umytlary başymyzyň täji — eziz Watanymyzyň berkararlygynyň, türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbitlerine ýugrulan hak Howandarymyzyň — Gahryman Arkadagymyz, Siziň öňdengörüjilikli syýasatyňyzyň netijesinde ata Watanymyzyň şan-şöhraty dünýä dolýar, il-günümiz eşretli durmuşda ýaşaýar.

Siziň beýik başlangyçlaryňyz bilen gazanylan üstünliklerden hem-de ýetilen belent sepgitlerden ruhlanyp, bu gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine giň gerimli maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar, beýik işler, guwandyryjy üstünlikler gazanylýar, dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklar barha rowaçlanýar.

Şu ýylyň 10-11-nji maýynda hökümetara derejede geçirilen duşuşyklar, Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly adyndaky umumybilim berýän 540 orunlyk orta mekdebiň binasynyň düýbüni tutmak dabarasy munuň aýdyň subutnamasy bolup, türkmen-täjik gatnaşyklarynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak wakalara öwrüldi. Sizi bu şanly wakalar bilen Täjigistanda ýaşaýan türkmenleriň adyndan tüýs ýürekden gutlaýarys. Ata Watanymyzyň ösüşleriniň we özgerişleriniň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyz, Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, belent başyňyzyň aman, alyp barýan işleriňiziň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris!

Milli Liderimiz!

Siziň ynsanperwer ýörelgäňize eýerilip, dünýä döwletleri, şol sanda türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklar has-da pugtalandyrylýar. Beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň adyny göterjek 540 orunlyk döwrebap orta mekdebiň düýbüniň tutulyş dabarasy türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň has-da pugtalanýandygynyň aýdyň beýanyna öwrülip, biziň durmuşymyzda ýatdan çykmajak pursatlary bagyş etdi.

Siziň nusgalyk kitaplaryňyzyň we beýleki kitaplaryň, milli gymmatlyklaryň hem-de türkmen haly önümleriniňdir gurallarynyň, milli lybaslaryň sergisi, täjik we türkmen hormatly ýaşulularynyň, iki ýurduň döredijilik toparlarynyň halklarymyzyň dostlugyny, döwlet Baştutanlarynyň başlangyçlaryny dabaralandyrýan aýdym-sazly çykyşlary, toý sadakasy ýokary watançylyk duýgusyny döredip, hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyz, Size, ata Watanymyza bolan buýsanjymyzy has-da belende göterdi.

Bu taryhy ähmiýetli dabaradan soňra, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň daşary ýurt bölümi bolan Täjigistanly türkmenleriň jemgyýetinde hoşallyk maslahaty geçirilip, ata Watanymyzyň beýik Ogullarynyň — hormatly Prezidentimiziň, Milli Liderimiz, Siziň alyp barýan nusgalyk işleriňiz, dünýä türkmenleriniň doganlyk gatnaşyklaryny has-da jebisleşdirýän başlangyçlaryňyz, ýakyndan berýän goldaw-hemaýatlaryňyz üçin çäksiz alkyşlar aýdyldy. Dünýä türkmenleriniň Lideriniň — Siziň watançylyk taglymatlaryňyzy ýörelge edinip, ata Watanymyza ak ýürekden hyzmat etmek her bir türkmeniň mukaddes borjudyr.

Goý, ata Watanymyz mundan beýläk-de gülläp össün, Ýer ýüzündäki at-abraýy, şan-şöhraty has-da belende galsyn, bagtyýar, eşretli durmuş baky rowaç bolsun! Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, mertebäňiz belent, il-ýurt bähbitli işleriňiz hemişe rowaç bolsun, Gahryman Arkadagymyz!

Sizi çuňňur hormatlamak bilen,

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň daşary ýurt bölümi bolan
Täjigistanly türkmenleriň jemgyýetiniň ýolbaşçysy
M.Gaýypnazarow.

Soňky habarlar
21.10
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumy ulanmaga berildi
21.10
Hormatly Prezidentimiziň türkmen Bitaraplygyna bagyşlanan kitaby azerbaýjan dilinde neşir edildi
21.10
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi
21.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
top-arrow