Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Çap edildi 16.05.2023
1305

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda ähli möhüm ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gahryman Arkadagymyz däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine hem-de pugtalandyrylmagyna örän uly şahsy goşant goşan Russiýa Federasiýasynyň iri sebitiniň ýolbaşçysyny mähirli mübärekläp, Russiýanyň sebitleri, şol sanda Tatarystan Respublikasy bilen gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň strategik hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini kanagatlanma bilen nygtady.

Tatarystanyň Baştutany hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, ynanyşmaga esaslanýan türkmen-tatar gatnaşyklarynyň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de depginli ösdüriljekdigini belledi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyz döwlet we hökümet derejesindäki ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň Tatarystan Respublikasy bilen netijeli özara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny aýratyn nygtady. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aprel aýynyň başynda Tatarystanyň Baştutanynyň ýurdumyza bolan iş saparyny hem-de öz duşuşyklaryny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi. Şeýle hem ýokary derejeli myhman hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi we Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisine aýlanyp gördi.

Ikitaraplaýyn gepleşikleriň barşynda Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga degişli meseleleriň giň toplumynyň ara alnyp maslahatlaşylýandygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, nebitgaz pudagynda, gämi gurluşygynda, himiýa senagatynda, howa ulaglary tehnikalaryny we ýük awtoulaglaryny ibermekde taslamalary durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki üstünlikli işler hem-de bu ugurda uly kuwwatyň bardygy bellenildi.

Ýurdumyzda we Tatarystanda dürli derejede guralýan yzygiderli saparlar, wekiliýetleriň alşylmagy hem-de dürli çärelere gatnaşylmagy özara hereketleriň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin oňat mümkinçilik bolup hyzmat edýär diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Şunuň bilen baglylykda, 18-19-njy maýda geçiriljek “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum” halkara ykdysady forumyna türkmen wekiliýetiniň gatnaşjakdygy bellenildi.

Mundan başga-da, Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň işiniň üstünlikli alnyp barylýandygy nygtaldy. Onuň sekizinji mejlisi şu ýylyň martynda Aşgabatda geçirilip, onuň işiniň netijeleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi. Taraplaryň pikirine görä, medeni-ynsanperwer ulgamda, şol sanda ylym-bilim ugurlarynda gatnaşyklar türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi bolup çykyş edýär.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda taraplar dürli ugurlardaky özara gyzyklanma bildirilýän ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegi maksat edinýändiklerini aýtdylar.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow birek-birege berk jan saglyk, döwlet işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri, Türkmenistanyň we Tatarystanyň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.

Soňky habarlar
21.10
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumy ulanmaga berildi
21.10
Hormatly Prezidentimiziň türkmen Bitaraplygyna bagyşlanan kitaby azerbaýjan dilinde neşir edildi
21.10
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi
21.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
top-arrow