Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Sianda Türkmenistanyň Prezidenti bilen HHR-iň Başlygy arasynda gepleşikleri geçirildi
Syýasy habarlar
Sianda Türkmenistanyň Prezidenti bilen HHR-iň Başlygy arasynda gepleşikleri geçirildi
Çap edildi 18.05.2023
2125

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň arasynda iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda ýokary derejedäki gepleşikleri geçirildi.

Döwlet Baştutanlar halkara düzümlerde özara gatnaşyklary işjeňleşdirmegini şeýle hem söwda-ykdysady, energetika, ulag, maýa goýum ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we HHR-iň Başlygy Si Szinpin hem taraplary gyzyklandyrýan halkara we sebit meseleleriniň birnäçesini ara alyp maslahatlaşyp, parahatçylygy, howpsuzlygy we ählumumy durnukly ösüşi üpjün etmek işinde hyzmatdaşlyk etmek meseleleri boýunça garaýyşlaryň doly gabat gelýändigini bellediler.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet Baştutanlarynyň «Merkezi Aziýa–Hytaý» görnüşindäki birinji Sammitine gatnaşmak üçin Hytaýa çakylygy üçin, HHR-iň Başlygy Si Szinpine minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurda häzirki saparyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň meseleleri boýunça düýpli pikir alyşmak üçin oňat mümkinçilik döredýändigini belledi.

Ýokary derejedäki gepleşikler tamamlandan soňra, döwlet Baştutanlaryň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Soňky habarlar
21.10
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumy ulanmaga berildi
21.10
Hormatly Prezidentimiziň türkmen Bitaraplygyna bagyşlanan kitaby azerbaýjan dilinde neşir edildi
21.10
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi
21.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
top-arrow