Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistan «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatynda köptaraply geňeşmeleriň usullaryny döretmegi teklip etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistan «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatynda köptaraply geňeşmeleriň usullaryny döretmegi teklip etdi
Çap edildi 19.05.2023
2498

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatynda köptaraply geňeşmeleriň usullaryny döretmegi teklip etdi. Bu barada döwlet Baştutanymyz Hytaýyň Sian şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Hytaý» birinji sammitinde eden çykyşynda belledi.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan döwletara gatnaşyklarynda deňhukuklylyk we adalatlylyk, özygtyýarly döwletleriň çäkleriniň bitewüligini gürrüňsiz hormatlamak hem-de içerki işlerine gatyşmazlyk, durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak ugrunda yzygiderli çykyş edýär. Dünýä bileleşiginiň terrorçylyga, ekstremizme, neşe serişdeleriniň ýaýradylmagyna, kiber we biohowpsuzlyk ulgamlaryndaky täze wehimlere garşy durmak boýunça görýän çärelerini goldaýar.

«Biz öz abraý-mümkinçiliklerimizi peýdalanyp we köptaraply hyzmatdaşlygymyzyň täsirli usullaryny ulanyp, halkara gatnaşyklarynda täze gün tertibini ykrar etmäge hem-de ynanyşmaga uly goşant goşup bileris. Dartgynlygy gowşadyp, dawalary azaldyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasy esasynda jedelleri we gapma-garşylyklary çözmegiň gepleşikler usulyna geçip bileris» – diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow netijeli, hormatlamak we deňhukukly gatnaşyklara taýýarlygyň hem-de ukyplylygyň görkezijisi bolup durýan syýasy medeniýetiň möhümdigini aýratyn belledi.

«Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedow tarapyndan 2021-nji ýylyň dekabrynda «Dialog – parahatçylygyň kepili» atly ählumumy başlangyç öňe sürüldi. Pursatdan peýdalanyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň şonuň esasynda türkmen tarapynyň hödürlän «2023-nji ýyl Dialog – parahatçylygyň kepili hökmünde halkara ýyly» atly Kararnamasynyň kabul edilmegini goldandyklary üçin, biziň formatymyzyň ähli Döwletleriniň Baştutanlaryna minnetdarlyk bildirýärin» – diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti medeniýetiň hormatlamak gatnaşyklarydygyna, parahatçylykly we ynanyşykly ýaşaşmagy, howpsuzlygy hem-de durnuklylygy pugtalandyrmak, Durnukly Ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmek boýunça bilelikde işlemek däplerine ygrarlylykdygyna berk ynanýandygyna we halkara gatnaşyklarynyň täze fiosofiýasyny öňe sürmekde köptaraplaýyn tagallalary birleşdirmek üçin berk esasa öwrülmäge ukyplydygyna düşünýändigine aýtdy.

«Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda utgaşdyrylan hereketleri ýola goýmagyň möhümdigini belläp, köptaraply geňeşmeleriň usullaryny döretmegiň mümkinçiligine seretmegi teklip edýärin. Onuň maksady gazanylan ylalaşyklary ulgamlaşdyrmakdan hem-de olaryň ýerine ýetirilişine syn bermekden ybarat bolar. Biz diňe şeýdip, «Merkezi Aziýa – Hytaý» Sammitlerine Döwletleriň Baştutanlarynyň öňe sürýän başlangyçlarynyň we teklipleriniň durmuşa geçirilişine gözegçilik edip bileris» – diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýratyn üns çekdi.

Soňky habarlar
21.10
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumy ulanmaga berildi
21.10
Hormatly Prezidentimiziň türkmen Bitaraplygyna bagyşlanan kitaby azerbaýjan dilinde neşir edildi
21.10
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi
21.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
top-arrow