Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistan — Gruziýa: parlamentara gatnaşyklar pugtalandyrylýar
Syýasy habarlar
Türkmenistan — Gruziýa: parlamentara gatnaşyklar pugtalandyrylýar
Çap edildi 22.05.2023
3079

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde “Türkmenistan — Gruziýa” parlamentara dostluk toparynyň başlygy Dawid Matikaşwiliniň ýolbaşçylygynda ýurdumyza gelen Gruziýanyň parlament wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa myhmanlary mähirli garşylap, häzirki wagtda parlamentarileriň döwlet durmuşynda barha artýan ornuny belledi. Parlamentara gatnaşyklar ýurtlaryň arasynda netijeli gepleşikleri ösdürmegiň, halkara hyzmatdaşlygy, özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň möhüm gurallarynyň biri bolup durýar.

“Türkmenistan — Gruziýa” parlamentara dostluk toparynyň başlygy gruzin-türkmen gatnaşyklarynyň oňyn häsiýetini kanagatlanma bilen belledi hem-de parlamentara hyzmatdaşlygyň onuň möhüm ugry bolup durýandygyny aýtdy.

Taraplar duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygyny nygtap, dostlukly ýurtlaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge, hususan-da, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler. Şeýle hem iki ýurduň iri halkara düzümleriň ugry boýunça, ozaly bilen, BMG-niň çäklerinde köptaraplaýyn görnüşde işjeň hyzmatdaşlyk edýändikleri barada aýdyldy.

Duşuşygyň dowamynda myhmanlar milli parlamentiň alyp barýan esasy işleri hem-de wezipeleri, onuň düzümi we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda kanun çykaryjylyk ulgamynda geçirilýän özgertmeler bilen bagly ýerine ýetirýän iş ugurlary bilen tanyşdyryldy. Kanun çykaryjylyk ulgamynyň kämilleşdirilmegi döwlet ösüşiniň giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine ýardam berýär. Şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylyk binýadynyň dünýäniň iň gowy tejribesini özünde jemleýändigi bellenildi. Kanunlar hem-de kadalaşdyryjy hukuk namalary işlenip taýýarlanylýar we kabul edilýär. Olar öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmegine gönükdirilen täzeçil özgertmeleriň durnukly ösüşini üpjün edýär.

Duşuşykda tejribe alyşmagy işjeňleşdirmek, parlament diplomatiýasynyň hem-de bar bolan parlamentara gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini doly herekete getirmek meselelerine garaldy. Soňky ýyllarda iki ýurduň gatnaşyklarynyň barha artýan ösüş depginleriniň köpugurly hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga özara gyzyklanma bilen şertlendirilýändigi nygtaldy. Bilelikdäki dürli çäreler, duşuşyklar hem-de geňeşmeler muňa kuwwatly itergi berýär.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar şu gezekki pikir alyşmalaryň iki ýurduň we olaryň halklarynyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
21.10
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumy ulanmaga berildi
21.10
Hormatly Prezidentimiziň türkmen Bitaraplygyna bagyşlanan kitaby azerbaýjan dilinde neşir edildi
21.10
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi
21.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
top-arrow