Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
«Ak şäherim Aşgabat» atly XXII köpugurlyhalkara sergä gatnaşyjylara
Syýasy habarlar
«Ak şäherim Aşgabat» atly XXII köpugurlyhalkara sergä gatnaşyjylara
Çap edildi 24.05.2023
1794

Hormatly sergä gatnaşyjylar!

Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň paýtagtynyň gazananlaryny dünýä ýaýmak maksady bilen geçirilýän «Ak şäherim Aşgabat» atly XXII köpugurly halkara serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanyp geçirilýän giň gerimli çäreler aýratyn many-mazmuna eýe bolup, türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary üçin guwandyryjy wakalara öwrülýär. «Ak şäherim Aşgabat» atly XXII köpugurly halkara sergi hem ak mermerli şäherimiziň güni mynasybetli geçirilýär. Onda Aşgabadyň senagat, medeni we aň-bilim kuwwaty, durmuş-ykdysady taýdan örän uly möçberli serişdeleri, mümkinçilikleri bilen tanyşdyrylar. Ýurdumyzyň halk hojalygyna degişli dürli pudaklaryň täze teklipleri we gazananlary görkeziler.

Ak mermerli Aşgabadyň üstünliklerini dünýä jemgyýetçiligine ýaýmak, bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmak maksady bilen geçirilýän bu halkara serginiň türkmen paýtagtyny has-da gözelleşdirmek, dünýäniň iň owadan hem-de ýaşamak üçin iň amatly şäherleriniň birine öwürmek boýunça işleriň has-da ilerlemeginde ähmiýetiniň uly boljakdygyna ynanýaryn. Indi köp ýyllar bäri guralýan «Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi Aşgabadyň keşbinde öz beýanyny tapýan özgertmeleriň gerimini aýdyň görkezýär. Dürli ulgamlarda ýetilen belent sepgitleri beýan etmäge mümkinçilik berýär we halkara hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrýar. Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli geçirilýän bu sergi aşgabatlylarda hem-de paýtagtymyzyň myhmanlarynda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar.

Häzirki döwürde Aşgabat dünýäniň durnukly ösýän şäherleriniň birine öwrüldi. Her ýyl geçirilýän «Ak şäherim Aşgabat» atly halkara sergide hödürlenilýän taslamalaryň aglabasy boýunça bu günki gün şäherimizi bezeýän ajaýyp binalaryň ençemesi guruldy. Täze önümçilik, medeni-durmuş, ylym-bilim, saglyk we sport desgalary, döwrebap ýaşaýyş jaýlary diňe bir ak şäherimiziň görküne görk goşmak bilen çäklenmän, eýsem, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagynda, halkymyza edilýän durmuş hyzmatlarynyň ýokary hilli bolmagynda hem möhüm orna eýe bolýar. «Aziýanyň merjen şäheri» diýen ykrarnama eýe bolan paýtagtymyzda amala aşyrylýan ägirt uly gurluşyklar türkmenistanlylaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen döredijilikli, durmuş ugurly döwlet syýasatymyzyň aýdyň netijesidir. Ak mermerli Aşgabat ýurdumyzyň kuwwatynyň artýandygynyň, dowam edýän özgertmeleriň üstünliklere eýe bolýandygynyň nyşanydyr. Aşgabat dünýäniň iň gözel we has oňaýly şäherleriniň biri hökmünde öz derejesini barha berkidýär. Baş şäherimiziň ösdürilmegi uzak möhletli geljegi nazara almak bilen, täzeçil şähergurluşyk syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Hormatly adamlar!

Gadyrly dostlar!

Biz paýtagtymyzyň häzirki döwürde gazanan üstünliklerine, ajaýyp binagärlik keşbine buýsanýarys. Ýurdumyzyň ýüregi bolan şäherimiz syýasy-dolandyryş, ylmy, medeni, senagat, söwda, ulag merkezi bolmak bilen, uly ykdysady we ylmy mümkinçiliklere hem eýedir. Şoňa görä-de, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Aşgabat şäherinde döwrebap edara binalarynyň, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, umumybilim berýän orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň, hassahanalaryň, saglyk öýleriniň, söwda merkezleriniň, ilata hyzmat ediş desgalarynyň, inženerçilik ulgamlarynyň we ýollaryň, ýaşaýjylaryň dynç almagy üçin niýetlenen seýilgähleriň gurulmagy işjeň alnyp barlar.

Aşgabat şäheri halkara derejedäki syýasy we işewürlik merkezine hem öwrülýär. Döwrebap desgalary bilen haýrana goýýan paýtagtymyz bütin dünýäde parahatçylygyň, ylalaşygyň, halklaryň arasynda dostlugyň hakyky merkezi hökmünde ykrar edildi. Dünýäniň şäherleriniň arasynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde «Dizaýn» ugry boýunça Aşgabat şäherini ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek babatda hem zerur çäreler amala aşyrylar. Garaşsyz, Bitarap türkmen döwletiniň paýtagtynyň ýurduň dolandyryş, senagat, bilim, medeniýet merkezi hökmünde ösmegini dowam etdirip, ýetilýän belent sepgitleriň gerimini has-da giňeltjekdigine berk ynanýaryn.

Hormatly sergä gatnaşyjylar!

Gadyrly myhmanlar!

Sizi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda geçirilýän «Ak şäherim Aşgabat» atly XXII köpugurly halkara serginiň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, asuda we bagtyýar durmuş, berkarar döwletimiziň paýtagtyny has-da ösdürmek ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
top-arrow