Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Çap edildi 24.05.2023
2767

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny ýetirdi. Şunda Russiýanyň Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarlydygy tassyklanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, RF-niň doly ygtyýarly wekilini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de netijeli döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna gönükdirilen jogapkärli wezipesinde üstünlikleri arzuw etdi. Döwlet Baştutanymyz Prezident Wladimir Putine mähirli salamyny beýan edip, ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk, ynanyşmak, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň häzirki wagtda dürli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýändigini nygtady.

Duşuşygyň dowamynda türkmen-rus syýasy dialogynyň okgunly ösdürilýändigi, ýokary derejedäki özara saparlaryň amala aşyrylýandygy, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ugry boýunça yzygiderli gatnaşyklaryň alnyp barylýandygy bellenildi. Parlament ugry boýunça hyzmatdaşlyk giňeldilýär, Daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli esasda geňeşmeler geçirilýär. Türkmenistan bilen Russiýa ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, abraýly halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde-de netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bitarap daşary syýasatyny we ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen halkara başlangyçlaryny hemişe goldaýandygy üçin rus tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady ulgam türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda bellenildi. Bellenilişi ýaly, köp ýyllaryň dowamynda Russiýa Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Nebitgaz pudagynda, şeýle hem awtoulag senagaty, gämigurluşyk, awiasiýa ulagy, gazhimiýa we beýleki ulgamlarda oňyn netijeler gazanyldy. Hyzmatdaşlygyň ähli ugurlaryny gurşap alýan şertnama-hukuk binýady kemala getirildi. Şunda ýurdumyz bilen Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň arasynda göni söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň işjeň ösdürilýändigi we onuň özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üstüni ýetirýändigi kanagatlanma bilen bellenildi. Muňa Tatarystan Respublikasy, Sankt-Peterburg şäheri, Astrahan oblasty we Russiýa Federasiýasynyň beýleki sebitleri bilen ýola goýlan netijeli özara gatnaşyklary mysal getirmek bolar.

Gazanylan ylalaşyklary we hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini iş ýüzünde durmuşa geçirmekde ikitaraplaýyn hökümetara topara aýratyn uly orun degişlidir. Toparyň işi netijeli hyzmatdaşlygyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna ýardam bermäge, ony täze, geljegi uly ugurlara çykarmaga, işewür düzümleriň ugry boýunça gatnaşyklary höweslendirmäge gönükdirilendir.

Ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk hem döwletara gatnaşyklaryň möhüm we aýrylmaz bölegi bolup durýar. Bu ugurda bilelikdäki işiň baý tejribesi toplandy. Şunda bilim, ylym, medeniýet we saglygy goraýyş ulgamlaryndaky gatnaşyklara aýratyn orun degişlidir.

Diplomat mähirli kabul edilendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallygyny bildirip, öz tarapyndan iki ýurduň we olaryň halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän hem-de strategik häsiýete eýe bolan türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkin däp bolan dostlukly döwletara dialogyň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

***

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň 
Prezidenti jenap 
Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak syýasatyna eýerip hem-de Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam bermek maksady bilen, Iwan Kirillowiç Wolynkini Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim.

Şunuň bilen baglylykda, Siziň Alyhezretiňizden ony hoşniýetli kabul etmegiňizi we Size meniň adymdan hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň adyndan ähli beýan etjeklerine ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Wladimir PUTIN,
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti.

Soňky habarlar
22.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasyna döwlet sapary başlandy
22.06
Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligine badalga berildi
22.06
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 62 million 520 müň dollaryndan gowrak boldy
22.06
Balkan welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara
21.06
Türkmenistanyň Prezidenti O.Kononenkony doglan güni bilen gutlady
20.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
20.06
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi
20.06
Türkmenistanda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak boýunça “Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek” atly 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy tassyklanyldy
20.06
Türkmenistan — Özbegistan: hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ilerledip
20.06
1 million tonnadan gowrak ak bugdaý Watan harmanynda
top-arrow