Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 12 million 638 müň dollaryndan gowrak boldy
Ykdysadyýet
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 12 million 638 müň dollaryndan gowrak boldy
Çap edildi 29.05.2023
3307

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy.  

Daşary ýurt puluna Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen tehniki kükürt kislotasyny, Şweýsariýanyň işewürleri bolsa “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni satyn aldylar.

Bulardan başga-da,  daşary ýurt puluna  BAE-niň, Türkiýäniň, Beýik Britaniýanyň, Ermenistanyň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň telekeçileri dürli görnüşli tüýjümek önümleri, nah ýüplügi we matany satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 12 million 638 müň dollaryndan gowrak boldy. 

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 278 müň 150 manatlyk “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen bugdaý harpygyny we bentonit külkesini satyn aldylar.

Soňky habarlar
26.11
Ulag ulgamynda zähmetiň halkara kadalary
26.11
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
26.11
«Sanly çözgüt — 2026» innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
25.11
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
25.11
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň 11-nji mejlisi
25.11
Ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk ilerledilýär
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Omanyň Soltanyny gutlady
24.11
Türkmenistan möhüm ulag-logistika we aragatnaşyk köprüsi hökmünde ornuny berkidýär
24.11
Halkara hukuk ýylyna hem-de BMG bilen GDA-nyň hyzmatdaşlygyna bagyşlanan brifing
24.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2026» atly halkara maslahata we sergä hem-de «Türkmentel — 2026» atly XIX halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara
top-arrow